Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

Himiýa hepdeligi

       Bilim özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak, ulgamyň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek döwrüň öňe süren esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda Watanyň daýanjy bolan kämil hünärmenleri kemala getirmekde alnyp barylýan il-ýurt bähbitli, maksada okgunly işler giň gerime eýe bolýar. Soňky ýyllarda dünýä bilen aýakdaş gitmek üçin maksatnamalaýyn özgertmeler netijeli häsiýete eýe bolýar. 

       Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ýaşlaryň bilim, aň kämilliginiň mundan beýläk hem ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berýär. Bu bolsa ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna we terbiýelenmegine, özleri hakynda bimöçber aladany her ädimde duýup, göz ýetirmäge, okuwa has hyjuwly ýapyşmaga, häzirki zaman şertlerinde täzeçil innowasiýaly bilim almaga ruhlandyrýar. 

       Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp şygary dünýä jemgyýetçiliginde uly goldanma tapdy. “2021-nji ýyl Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” diýip dünýä döwletlerine hem ýaýrady. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan ynsanperwerlik, dost-doganlyk, ynanyşmak ýaly asylly ýörelgelere eýerýän umumadamzat ähmiýetli daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriniň ahlisinde goldaw tapdy. Bu ýylda Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyjyndan ugur alnyp, parahatçylygyň, birek-birege ynanyşmagyň, dostlugyň, oňyn gatnaşyklaryň söhbedi giňden tutulýar.

       Ynha, 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 11-inden 31-i  senesi aralygynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Himiki we nanotehnologiýalar fakultetinde “Himiýa” hepdeligi gyzykly we höweslendiriji ýaryşlar, çekeleşikli bäsleşikler we el işleriniň sergileri geçirildi. Hepdeligiň dowamynda talyplar ýere täsin suratlary çekmek ugrunda, kitaplaryň dizaýny, wideo ýazgylary, gysga degişmeleri taýýarlamak boýunça toparlaryň arasynda çekeleşikli bäsleşikler alnyp baryldy. Şeýle-de, “Experiment show” diýlip atlandyrylan bu sergide talyplaryň özbaşdak taýýarlan el işleriniň nusgalary höwes bildirýän talyplaryň hem-de professor mugallymlaryň gyzgyn alkyşlary netijesinde öz gymmatlygyny tapdy. Bu serginiň esasy gurnalmagynyň maksady talyplara nusga bolup, şol esasda gyzyklanma döretmek, onuň ähmiýetini düşündirmek we iňlis dili bilen bir hatarda tehnologiýalary has ykjamlaşdyryp durmuşa ornaşdyrmak we kämilleşdirmekden ybaratdyr.


 Dilnoza Mamutniýazowa,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň talyby.




Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm