Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

TÜRKMEN WE ÝAPON DILLERINDÄKI MEŇZEŞ SÖZLER

        Türkmen dili gadymy dilleriň biridir. Türkmen diline garyndaş dilleri öwrenmek bolsa, diliň has hem baýlaşmagyna, kämilleşmegine, onuň taryhyny öwrenmäge uly itergi berýär. Halklaryň dillerini öwrenmekde şol halkyň gadymy we häzirki zaman sözleriniň sözlükleriniň ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiz bu barada şeýle belläp geçýär: “Türkmen alymlarynyň sözlük düzmek tejribesi öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwanu lugat it-türk”, E.W. Sewortýanyň “Türki dilleriň etimologik sözlügi” atly köp tomlugy ýaly düýpli işler bilen tanşanyňda, türki dilli halklaryň dilleriniň içinde türkmen diline aýratyn ornuň degişlidigini görmek bolýar” [1].

        Ýapon dili altaý diller maşgalasyna has ýakyn hasaplanylýar. Altaý diller maşgalasyna ýapon dilinden başga-da, türki, mongol, tungus-manjur we koreý dilleri degişlidir. Bu diller maşgalasynyň esasy aýratynlygy olaryň agglýutinatiw häsiýetlidigidir, ýagny täze söz ýa-da grammatiki görnüş emele getirilende üýtgemeýän köküň üstüne goşulmalaryň goşulmagydyr. Şeýle usul bilen emele gelen täze sözüň täze manysy hem bolýar.

        Belli bir halkyň dili öwrenilende şol diliň protodilini we gadymy dilini öwrenmekden başlamak maksadalaýyk hasaplanylýar. Protodil – belli bir diller maşgalasyna ýa-da diller toparyna girýän dilleriň gelip çykan başlangyç dili. Protodil deňeşdirme-taryhy usulyň kömegi bilen döredilýär. Deňeşdirme-taryhy dil öwreniş (lingwistik komparatiwistika) lingwistikanyň garyndaş dilleri öwrenýän bölümi bolup, esasan, dilleriň garyndaşlyk derejesini, protodilleriň rekonstruksiýasyny, dilleriň taryhyndaky diahroniki hadysalary we sözleriň etimologiýasyny öwrenýär.

            Gadymy döwür diýlip atlandyrylýan islendik döwre degişli dile gadymy dil diýilýär. Di- liň gadymy bolmagy üçin belli bir şertler ýok, ýöne, adatça, V asyra çenli ýörgünli bolan diller gadymy hasap edilýär.

        Ýapon halkynyň b.e. III – VIII asyrlarynyň aralygyndaky döwre degişli (ýapon diliniň Rýukýu adasyndaky beýleki garyndaş şiwelerden aýrylan döwri) bolan dili gadymy ýapon dili hasaplanylýar [2]. 710 – 794-nji ýyllarda Ýaponiýanyň paýtagty Nara şäherinde ýerleşipdir. Şol sebäpli bu döwre “Nara eýýamy” hem diýilýär. Bu döwürde hytaý diliniň ýapon diline täsiri bolmandyr. Özüniň fonetiki gurluşy we grammatiki aýratynlyklary boýunça gadymy ýapon diliniň häzirki zaman ýapon diliniň ösmeginde uly ähmiýetiniň bardygy sebäpli, gadymy ýapon dilini türkmen dili bilen deňeşdirmek ylmy nukdaý nazardan örän gymmatlydyr.

        Leksik düzümi boýunça gadymy ýapon dili koreý we beýleki altaý dillerine örän meň- zeşdir. Şeýle meňzeşlikler garyndaşlyk adalgalarynda, adamynyň beden agzalarynyň, tebigy hadysalaryň, reňkleriň, haýwanlaryň we ösümlikleriň atlarynda we beýleki sözlerde köp duş gelýär.

         Şu işiň esasy maksady türkmen we ýapon dilleriniň meňzeşliklerini ýüze çykarmak we olaryň garyndaşlyk derejesini anyklamak bolup durýar. Geçirilen barlaglaryň netijesinde, beýleki altaý dilleri bilen bir hatarda gadymy ýapon diliniň türkmen dili bilen hem köp meňzeşlikleri ýüze çykarýandygy anyklandy. Mysal üçin, gadymy ýapon dilindäki mugi (däneliler) türkmen dilindäki bugdaý, apa (arpa) – arpa, ura (pal atmak) – yrym, pasi/pazi (soňy), (başy) – başy, kata (tarap) – tarap, tokoro (ýer) – takyr ýer, pagi (aýak) – aýak;aýagy, siba (çybyk) – çybyk, saba (balygyň görnüşi) – çapak, sake (çakyr, arak) – çakyr, tagit (şaglap akmak) –  şaglamak, mine (çür depesi) – mün, münber, kari (gaz) – gaz, take (dag) – dag, pa (ýaprak) – bag, kanna (pyçak) – gama, kai (kürek) – gaýyk, nigýo/niguru(nigeru) (ylgamak) – ýüwürmek, ýigam/ýugam (egrelmek, epilmek) – ýygrylmak, egilmek, imýo/ýumýo(ýume) (uky,düýş) – (gözi) ýummak, sas (şöhle düşmek) – (şöhle) saçmak, kuki/kuku (baldak) – köki, kukupi (guw) – guw, kokoro (ýürek) – kükrek, ko (çaga) – körpe, tama (damja, togalak) – damja, dammak, aýapu (howply) – aýamak, kazu (san), kazopýo (sanamak) – gazanmak, gazna, ýaku (ýakmak) – ýakmak we beýleki köp sanly sözleriň bir protodilden gelip çykandyklaryny çaklamaga mümkinçilik berýär.

        Rus ýaponiýany öwreniji alym S.A.Starostin [3] protoýapon dilinde etimologiýasy belli bolmadyk käbir sözleri getirýär. Şol sözleriň aglabasynyň türkmen sözlerine kybapdaş gelýändigini görmek boýar. Mysal üçin, äpä, opoki (uly, ägirt) – äpet, täpä, topo (daş aralyk) – depe, pinsa, piza (dyz) – dyz, kansai, kaze (ýel, şemal) – kasurga, kasyrgu (gadymy türkmen dilinde tozanly ýel, tupan, tüweleý), kasira (kelle) – gaş, päsä/pisä, poso, foso (inçe) – pes, insika, mijika (gysga) – inçe, näm, nom (içmek) – nem, çyg, mit (doly) – bütin, kam (dişlemek) – gemirmek we beýleki sözleri getirmek bolar. 

    Amerikaly alym M.Swodeşiň berýän maglumatlaryna görä, her 1000 ýyldan diliň düzümindäki sözleriň 19% başga sözler bilen çalşylýar, täzelenýär. Şu nazaryýetden ugur alynsa, 1000 ýyl ozal biri-birinden aýrylyşan dilleriň umumy sözlüginde 66%, 2000 ýyl ozal aýrylyşan dillerde 44% meňzeş sözleriň bardygy gelip çykýar. Gadymy ýapon we häzirki zaman Tokio dili bilen deňeşdirmeler olaryň biri-birinden 1200 ýyl mundan öň aýrylyşandygyny görkezýär. Bu döwür taryhy maglumatlar bilen doly gabat gelýär. M.Swodeşiň leksikostatistiki derňewleri iki diliň biri-birinden aýrylyşan döwürlerini kesgitlemäge mümkinçilik berýän hem bolsa, olaryň garyndaşlygyny anyklamaga mümkinçilik bermeýär. Dilleriň garyndaşlygyny öwrenmek üçin olardaky umumy morfemalaryň barlagyny geçirmek zerurdyr. Şeýle morfemalaryň manylary üýtgäp, şol bir zady aňlatmaýan bolmagy hem mümkindir.

        Ýapon diliniň taryhy-fonetik we etimologik maglumatlarynyň leksikostatistiki barlag- lary protoýapon we prototürki dilleriň arasynda 100 sözüň içinden 18 sanysynyň meňzeşdigini ýüze çykarýar. Şol sözler: sirua (ak) – sary, muina (bütin) – bütin, ka (saç) – gyl, dak (ýak) – ýak, päsi (ýyldyz) – ýyldyz, işi (daş) – daş, kapa (gapak) – gapak, pitä (bir) – bir, (gelmek) – gel, gelmek, inu (it) – it, (uky) – uky, tat (dur) – dur, kawra (gury) – kir, kurua (gara) – gara, na (näme) – näme, ko (şol) – şo, şol, ba (men) – men, ba (biz) – biz.

        Deňeşdirmeler protoýapon diliniň protomongol dili bilen 17, prototungus-manjur dili bilen 15 we protokoreý dili bilen 25 sany gabat gelýän sözleriň bardygyny görkezýär. Sanalan protodilleriň hemmesi bilen hem türkmen diliniň arasynda köp meňzeşlikleriň bardygy göz öňünde tutulsa, onda ýapon diliniň türkmen diline has ýakyndygy gelip çykýar. Munuň şeýledigini aşakdaky deňeşdirmeler doly subut edýär.

 

Gurdowa Laçyn,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

 Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm