Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

12 - nji IÝUN YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI “YLMY, TEHNIKA WE INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYŇ ÖSÜŞI” ATLY SANLY ULGAM ARKALY HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2021-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanda her ýylda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Ylmy, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Geçirilen maslahatyň işine ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, Ylymlar Akademiýasynyň wekilleri, daşary ýurtly alymlar we bilermenler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ylymlar güni mynasybetli maslahata gatnaşyjylara iberen gutlagy okaldy.

Bu halkara ylmy-amaly maslahatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýolbaşçylary, şeýle hem Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Italiýa, Ispaniýa, Latwiýa, Polşa, Russiýa Federasiýasy, Belarus Respublikasy, Ermenistan, Gazagystan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Eýran we birnäçe daşary ýurtlardan görnükli alymlary çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ylmy guramalarynda geçirilýän barlaglaryň esasy ugurlary barada gürrüň berdiler, halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň, ilkinji nobatda bolsa, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, durmuş ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmak, sebitde we tutuş dünýäde ileri tutulýan ylmy-tehniki wezipeleri çözmek üçin umumy akademiki binýady hem-de ulgamlaýyn hyzmatlary kemala getirmek babatda hyzmatdaşlygyň geljegi barada garaýyşlaryny beýan etdiler.

Çykyşlardan soňra, “Ylmy, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy hem-de Türkmenistanyň Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň taýýarlan baýramçylyk konserti boldy.

 

Merdan Gurbanow.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky 
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm