Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

«Talyp joşguny ― 2021» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi

2021-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Talyp joşguny ― 2021» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň joşgunly owazyny wasp etmek, halkymyzyň milli medeniýetiniň many-mazmunyny ýaş nesle öwretmek, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmak, talyp-ýaşlaryň aýdym-saz we tans sungatynda, halk döredijiliginde zehinli talyplary yüze çykarmak, olaryň döredijilik ukybyny kämilleşdirmek we milli medeniýete, milli sungata bolan höweslerini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda geçirildi. Bu döredijilik bäsleşige Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň çeper höwesjeň talyp ýaşlary gatnaşyp, bäsleşigiň şerti boýunça öz başarnyklaryny uly joşgun, hyjuw bilen ýerine ýetirip, diňleýjileriň göwnünden turdylar.

 

 

Aýna Käbäýewa.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

Biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň

1-nji ýyl talyby.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm