Uniwersitet durmuşy

Baş sahypa > Jemgyýetçilik guramalary

Magtymguly adyndaky ýaşlar gurama

Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlary ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň-röwşen geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere gowy okamak, çuň bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berip, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmaga çalyşýarlar. Mähriban halkymyzyň, Berkarar Watanymyzyň beýik geljegi üçin okamak, öwrenmek ýaşlaryň mukaddes borjudyr. Hormatly Prezidentimiz: “Biz ata-babalarymyzyň ündän ynsanperwer ýörelgelerini mynasyp dowam etdiriji merdana nesillerimizden-sizden beýik işlere garaşýarys. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň we adamzadyň bagtyýarlygynyň, dünýä parahatçylygynyň bähbidine hyzmat etmek siziň üçin uly mertebe bolmalydyr” diýen çuň manyly sözleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglydyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýaşlary watansöýüjilik, halallyk ruhunda terbiýelemek, olaryň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, sagdyn-bedenli, ruhy taýdan arassa, kämil düşünjeli bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýär:
  • Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek;
  • Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, ýaş ýetginjekleriň döredijilige, sungata bolan höwesini artdyrmak;
  • Ýaşlary watansöýüjüligiň belent ruhunda, ýokary ahlakly, sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine wepaly, däp-dessurlarymyza, mirasymyza aýawly garamak ruhunda terbiýelemek;
  • Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe ata-watana wepaly, sagdyn hem sowatly, erjel hem tutanýerli, ýaramaz nogsanlyklardan daş durjak kämil nesilleri ýetişdirmek;
  • Türkmenistanda durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeniýet we sungat ulgamlarynda durmuşa geçirilýän maksatnamalara, döwlet, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli çärelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak we hususy başlangyçlara goldaw bermek;
  • Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň halkara abraýynyň has ýokary göterilmegine goşant goşmak. Ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalary duýdurmaga, arakhorlugyň, çilimkeşligiň, neşekeşligiň, jenaýatçylygyň öňüni almak;
  • Ýurdumyzyň raýatlarynyň arasynda bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýetini wagyz etmek;
  • Guramanyň agzalarynyň hünärmenlik, ylmy we döredijilik mümkinçilikleriniň ösüşine ýardam bermek;
  • Ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmek;
  • Ýaşlaryň watançylyk, ynsanperwerlik, agzybirlik duýgularyny kämilleşdirmek;
  • Ýaşlary bilimli-sowatly, syýasy aň-düşünjeli, edep-terbiýeli we beden taýdan has kämil hemme taraplaýyn ösen şahsyýetleri kemala getirmek.

Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm