Uniwersitet durmuşy

Baş sahypa >Okuw tölegi

Okuw tölegleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda çykaran “Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň meseleleri hakynda” 14899 belgili Kararyna laýyklykda: okuwlary iňlis we ýapon dillerinde okatmak; uniwersitetde okuwlary tölegli esasda guramak; talyplardan okamak üçin alynýan tölegleri Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirmek; uniwersiteti saklamak bilen bagly çykdajylary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna maliýeleşdirmek bellenildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet hem-de Bilim ministrlikleri tarapyndan taýýarlanylan nyrhnama esasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bilim alýan talyplaryň bir ýyllyk okuw tölegi 6800,00 (alty müň sekiz ýüz ) manat 00 teňňe möçberinde bellenildi.

Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm