Uniwersitet durmuşy

Baş sahypa > Talyplar geňeşi

Meýletinçiler

Indi birnäçe ýyl bäri halkara ýaryşlary yzygiderli geçirip gelýän ýurdumyzda her bir ýaryşyň ýokary derejede geçirilmegine ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan düzülen meýletinçi ýaşlar hem mynasyp goşant goşýarlar. Häzirki günlerde Türkmenistanyň Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň bilelikde işläp düzen meýilnamasy esasynda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň 350- si Aziýa çempionatyna meýletinçiler hökmünde taýýarlanylýar. Meýletinçiler daşary ýurt dillerini bilýän ýaşlar bolup, çempionatyň geçýän günleri oňa gatnaşyjylara mugtuna ýardam, hususan-da, dilmaçlyk ederler.

Uniwersitetiň talyplarynyň arasynda döredilen meýletinçiler topary uniwersitetimizde we ýurdumyzda geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar. Muňa, 2017-nji ýylda Türkmenistanda geçirilen Aziýada oýunlaryna meýletinçi hökmünde gatnaşyp öz goşantlaryny goşan talyp ýaşlarymyzy mysal getirse bolar.

Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm