Uniwersitet durmuşy

Baş sahypa > Kär maglumatlary

Taýýarlygyň ugurlary boýunça kär häsiýetnamalar

- Materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy
Bakalawr aşakda görkezilen ykdysadyýetiň senagat, ýangyç-energetika, gurluşyk, himiýa ulgamlarynyň dürli guramaçylyk-hukuk görnüşindäki zawod-fabriklerinde we kärhanalarynda ýagny, demir we polat zawodlarynda, demirden beýleki metal we erginleri öndürýän zawodlarynda, metal işleyji zawodlarynda, metal sozulýan we işlenýän zawodlarynda, ýylylyk arkaly işleýän desgalarda, maşyn gurluşyk we elektronika öndürýän kärhanalarynda, dürli inženerlik materiallaryny saýlamak, barlamak we zerur bolan ýagdaýynda täze, şol sanda, kompozit materiallary öndürmek bilen baglanyşykly ugurlarda hereket edýän kärhanalarynda, elektronik keramika, ýokary temperatura çydamly önümleri we aýna öndürýän hem işläp taýýarlaýan ýa-da olary ulanýan kärhanalarynda hem-de dürli barlaghanalarda işläp biler.
- Nanomateriallar
Bakalawr aşakda görkezilen ykdysadyýetiň senagat, ýangyç-energetika, gurluşyk, himiýa ulgamlarynyň dürli guramaçylyk-hukuk görnüşindäki zawod-fabriklerinde we kärhanalarynda ýagny, demir we polat zawodlarynda, demirden beýleki metal we erginleri ondürýän zawodlarynda, metal işleýji zawodlarynda, metal sozulýan we işlenýän zawodlarynda, ýylylyk arkaly işleýän desgalarda, maşyn gurluşyk we elektronika öndürýän kärhalarynda, dürli inženerlik materiallaryny saýlamak, barlamak we zerur bolan ýagdaýynda täze, şol sanda, kompozit materiallary öndürmek bilen baglanyşykly ugurlarda hereket edýän kärhanalarynda, elektronik keramika, ýokary temperatura çydamly önümleri we aýna öndürýän hem işläp taýýarlaýan ýa-da olary ulanýan kärhanalarynda, akylly materiallary öndürýän we şonuň bilen baglanyşykly ylmy işleri alyp barýan barlaghanalarynda, islendik görnüşli polimer materiallaryny öndürýän zawodlarda, ýuka gatlak öndürýän barlaghanalarynda, fotoelementler bilen işleýän barlaghanalarynda, gün batereýalaryny öndürýän we şonuň bilen baglanyşykly ylmy işleri alyp barýan barlaghanalarynda we başgada dürli zawodlaryň himiki barlaghanalarynda işläp biler.
- Himiki tehnologiýa
Bakalawr „Türkmenhimiýa“ Döwlet konserninde we oňa degişli himiýa önümlerini öndürýän zawod-fabriklerde hem-de Türkmenistanyň beýleki ministrlikleriniň himiýa senagaty bilen bagly bolan kärhanalarynyň barlaghanalarda ýokary bilimli bakalawrlara niýetlenen wezipelerde işläp biler
- Himiki inžiniring
Bakalawr “Türkmenhimiýa” Döwlet konserninde we oňa degişli himiýa önümlerini öndürýän zawod-fabriklerinde, “Türkmengaz”, Döwlet konserinde we oňa degişli kärhanalarynda “Türkmennebit” Döwlet konserinde, Senagat we ulag kommunikasiýa ministrliginde, Dokma senagaty ministrliginde hem-de Türkmenistanyň beýleki ministrlikleriniň himiýa senagaty bilen bagly bolan kärhanalarynda we hususy telekeçilikde ýokary bilimli bakalawrlara niýetlenen wezipelerde işläp biler.
- Biotehnologiýa
Bakalawr halk hojalygynyň dürli pudaklarynda: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň degişli ylmy-barlag institutlarynda, Türkmenistanyň döwlet goraghanalarynda, balykçylyk, awçylyk, tokaýçylyk hojalyklarynda, ministrlikleriň kärhanalarynda we pudaklaryň ylmy-barlag barlaghanalarynda, azyk, derman we dokma senagatlarynda, fermer hojalyklarynda (biolaboratoriýalarda, biofabriklerde, epidemiologiýa we weterinariýa gulluklarynda), karantin gullugynda, lukmançylyk barlaghanalarynda we energetikada ýokary bilimli bakalawrlara niýetlenen dürli wezipelerde işläp biler.
- Ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak
Bakalawr halk hojalygynyň dürli pudaklarynda: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň degişli ylmy-barlag institutlarynda, Türkmenistanyň döwlet goraghanalarynda, balykçylyk, awçylyk, tokaýçylyk hojalyklarynda, ministrlikleriň kärhanlarynda we pudaklaryň ylmy-barlag barlaghanalarynda, azyk we dokma senagatlarynda, fermer hojalyklarynda (ekolaboratoriýalarda, biofabriklerde we weterinariýa gulluklarynda), karantin gullugynda, ekologiki barlaghanalarda we energetikada ýokary bilimli bakalawrlara niýetlenen dürli wezipelerde işläp biler.
- Genetika we bioinžiniring
Bakalawr halk hojalygynyň dürli pudaklarynda: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň degişli ylmy-barlag institutlarynda, Türkmenistanyň döwlet goraghanalarynda, balykçylyk, awçylyk, tokaýçylyk hojalyklarynda, ministrlikleriň kärhanalarynda we pudaklaryň ylmy-barlag barlaghanalarynda, azyk, derman we dokma senagatlarynda, fermer hojalyklarynda (biolaboratoriýalarda, biofabriklerde, epidemiologiýa we weterinariýa gulluklarynda), karantin gullugynda, lukmançylyk barlaghanalarynda we energetikada ýokary bilimli bakalawrlara niýetlenen dürli wezipelerde işläpbiler.
- Öýjük we molekulýar biologiýa
Bakalawr halk hojalygynyň dürli pudaklarynda: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň degişli ylmy-barlag institutlarynda, Türkmenistanyň döwlet goraghanalarynda, balykçylyk, awçylyk, tokaýçylyk hojalyklarynda, ministrlikleriň kärhanalarynda we pudaklaryň ylmy-barlag barlaghanalarynda, azyk, derman we dokma senagatlarynda, fermer hojalyklarynda (biolaboratoriýalarda, biofabriklerde, epidemiologiýa we weterinariýa gulluklarynda), karantin gullugynda, lukmançylyk barlaghanalarynda we energetikada ýokary bilimli bakalawrlara niýetlenen dürli wezipelerde işläp biler.
Mikrobiologiýa
Bakalawr halk hojalygynyň dürli pudaklarynda: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň degişli ylmy-barlag institutlarynda, Türkmenistanyň döwlet goraghanalarynda, balykçylyk, awçylyk, tokaýçylyk hojalyklarynda, ministrlikleriň kärhanalarynda we pudaklaryň ylmy-barlag barlaghanalarynda, azyk, derman we dokma senagatlarynda, fermer hojalyklarynda (biolaboratoriýalarda, biofabriklerde, epidemiologiýa we weterinariýa gulluklarynda), karantin gullugynda, lukmançylyk barlaghanalarynda we energetikada, daşky gurşawy goraýyş gulluklarynda ýokary bilimli bakalawrlara niýetlenen dürli wezipelerde işläp biler.
- Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary
Bakalawr islendik tehnologik pudaklarda, edara-kärhanalarda, şu ugra degişli bolan kärhanalaryň dürli bölümlerinde, ylmy-barlag edaralarynda bakalawrlara niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.
- Informatika we hasaplaýyş tehnikasy
Bakalawr islendik tehnologik pudaklarda, edara-kärhanalarda, şu ugra degişli bolan kärhanalaryň (zawodlaryň) dürli bölümlerinde, ylmy-barlag edaralarynda bakalawrlara niýetlenen wezipeleri eýeläp, şeýle hem, orta we orta hünär okuw mekdeplerinde öz ugry boýunça mugallymçylyk işi bilen meşgullanyp biler.
- Animasiýa we grafika dizaýny
Bakalawr Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň degişli ylmy-barlag institutlarynda, sanly platformalaryň dizaýnyny taýýarlaýan kärhanalarda web dizaýner, kompýuter oýunlaryny döredýän kärhanalarda, metbugat we köpçülikleýin habar beriş edaralarynda we kinostudiýalarda film animasiýalarynyň we kompýuter oýunlarynyň suratkeşi we režisýory , illustratory, kompýuter dizaýner, 2D animator, 3D animator, 3D wizualizator, interýer dizaýner, wideo önümçi we montažçy, programma üpjünçiligini taýýarlaýan edara-kärhanalarda 2D we 3D programmaçy, programma üpjünçligi inženeri bolup, islendik tehnologik pudaklarda, edara-kärhanalarda, şu ugra degişli bolan kärhanalaryň dürli bölümlerinde, ylmy-barlag edaralarynda bakalawrlara niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.
- Mobil we tor inžiniring
Bakalawr Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň degişli ylmy-barlag institutlarynda, Türkmenistanyň döwlet edara-kärhanalarynda we dürli pudaklarda tor üçin dürli görnüşli programma üpjünçiligi düzýän programmist, maglumat aragatnaşyk bölüminiň başlygy we hünärmeni (kärhananyň kompýuter torlaryny we maglumat ulgamlaryny dolandyrmak) bolup, umuman şu ugra degişli bolan kärhanalaryň dürli bölümlerinde bakalawrlara niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.
- Sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk
Bakalawr Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň degişli ylmy-barlag institutlarynda, ministrlikleriň kärhanalarynda we pudaklaryň ylmy barlaghanalarynda maglumat howpsuzlyk bölümleriniň başlygy we hünärmeni, bank, ätiýaçlandyryş we ykdysady pudaklarda maglumat howpsuzlyk ulgamlarynyň programmisti, umuman ýokary bilimli hünärmenlere niýetlenen dürli tehnologik pudaklarda, edara-kärhanalarda, şu ugra degişli bolan kärhanalaryň dürli bölümlerinde bakalawrlara niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.
- Sanly ykdysadyýet
Bakalawr Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň degişli ylmy-barlag institutlarynda, islendik tehnologik pudaklarda, edara-kärhanalarda, şu ugra degişli bolan kärhanalaryň dürli bölümlerinde, şol sanda bank, ätiýaçlandyryş, hasap, audit, marketing görnüşli edaralarda we edaralaryň hem-de kärhanalaryň maglumat ulgamlarynyň ulgam we işewürlik analitigi, maglumat menejmentiň hünärmenleri, döwlet dolanyşyk edaralarynyň maglumat gulluklarynyň başlygy, hünärmeni wezipelerini eýeläp biler.
- Amaly matematika we informatika
Bakalawr islendik tehnologik pudaklarda, edara-kärhanalarda, şu ugra degişli bolan öndüriji kärhanalarynyň (zawodlarynyň) dürli bölümlerinde, ylmy-barlag edaralarynda bakalawrlara niýetlenen wezipeleri eýeläp, şeýle hem, orta we orta hünär mekdeplerinde öz ugry boýunça mugallymçylyk işi bilen meşgullanyp biler.
-Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak
Bakalawr islendik tehnologik pudaklarda, edara-kärhanalarda, şu ugra degişli bolan öndüriji kärhanalarynyň (zawodlarynyň) dürli bölümlerinde, ylmy-barlag edaralarynda bakalawrlara niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.
- Elektronika we nanoelektronika
Bakalawr islendik tehnologik pudaklarda, edara-kärhanalarda, şu ugra degişli bolan öndüriji kärhanalarynyň (zawodlarynyň) dürli bölümlerinde, ylmy-barlag edaralarynda bakalawrlara niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.
- Mehatronika we robot tehnikasy
Bakalawr islendik tehnologik pudaklarda, edara-kärhanalarda, şu ugra degişli bolan öndüriji kärhanalarynyň (zawodlarynyň) dürli bölümlerinde, ylmy-barlag edaralarynda bakalawrlara niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.
- Biolukmançylyk elektronikasy
Bakalawr islendik saglygy goraýyş edarasynda, şu ugra degişli bolan önümçilik kärhanalarynyň (zawodlarynyň) dürli bölümlerinde, ylmy-barlag edaralarynda bakalawrlara niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.
- Häzirkizaman tehnologiýalaryň fizikasy
Bakalawr islendik tehnologik pudaklarda, edara-kärhanalarda, şu ugra degişli bolan öndüriji kärhanalarynyň (zawodlarynyň) dürli bölümlerinde, ylmy-barlag edaralarynda bakalawrlara niýetlenen wezipeleri eýeläp, şeýle hem, orta we orta hünär mekdeplerinde öz ugry boýunça mugallymçylyk işi bilen meşgullanyp biler.
- Innowatika
Bakalawr islendik tehnologik pudaklarda, edara-kärhanalarda, şu ugra degişli bolan öndüriji kärhanalarynyň (zawodlaryň) dürli bölümlerinde, ylmy-barlag edaralarynda bakalawra niýetlenen wezipelerini eýeläp işläp biler.
– Innowasion ykdysadyýet
Bakalawr islendik tehnologik pudaklarda, edara-kärhanalarda, şu ugra degişli bolan öndüriji kärhanalarynyň (zawodlaryň) dürli bölümlerinde, ylmy-barlag edaralarynda bakalawra niýetlenen wezipelerini eýeläp, şeýle hem, orta we orta hünär mekdeplerinde öz ugry boýunça mugallymçylyk işi bilen meşgullanyp biler.
- Işgärleri dolandyryş
Bakalawr islendik tehnologik pudaklarda, edara-kärhanalarda, şu ugra degişli bolan öndüriji kärhanalarynyň (zawodlaryň) dürli bölümlerinde, ylmy-barlag edaralarynda bakalawra niýetlenen wezipelerini eýeläp işläp biler. Intellektual resurslary dolandyrmak, işgärleri dolandyrmakda innowasion menejmentiň usullaryny bilmek, dolandyryş çözgütleri kabul etmek, innowasion we maýa goýum taslamalary işläp düzmek, seljermek we dolandyrmak, guramaçylyk işlerini gurnamak, alyp barmak we dolandyrmak, edara-kärhanalarda işgärleri öz hünärleri we başarnyklary boýunça ýerlemek, marketing gözleglerini alyp barmak we derňemek, welaýatlary innowasion ösdürmek, kreatiw pikirlenmek we standart däl meseleleriniň algoritmini işlemek, işleri meýilleşdirmek we gurnamak, zähmet hukugyny bilmek, kärhananyň adam resurslaryny meýilleşdirmek we guramak – işgärleri dolandyryş ugrunda taýýarlanylýan bakalawrlaryň esasy wezipeleridir.
- Tehnologiýa işewürligi
Bakalawr islendik tehnologik pudaklaryň, edara-kärhanalaryň şu ugra degişli bolan dürli bölümlerinde, ylmy-barlag edaralarda, şeýle hem işewürligiň dürli ugurlaryna degişli edara-kärhanany ösdürmek we dolandyrmak boýunça bölümlerinde we gulluklarynda, dürli pudaklaryň edaralarynyň maliýe-ykdysady we edara ediş-hojalyk gulluklarynda, bank we ätiýaçlandyryş ulgamlarynyň edaralarynda, döwlet we ýerli häkimiýet edaralarynda, ykdysadyýetiň we işewürligiň dürli ugurlary boýunça bakalawra niýetlenen wezipelerde işläp biler. Kärhananyň ykdysadyýetini we maliýe-hojalyk işini seljermek we amatly dolandyrmak boýunça çözgütleri kabul etmek, innowasion menejment, ekonometrika we ykdysady hadysalary matematiki modelirlemek, innowasion tehnologiýalaryň esasynda önümçiligi ýola goýmak we innowasion önümi öndürmek we satmak, kreatiw pikirlenmek we standart däl meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamak, innowasion taslamalary dolandyrmak, işleri meýilleşdirmek we gurnamak – tehnologiýalaryň işewürligi ugrunda taýýarlanylýan bakalawrlaryň esasy wezipeleridir.
- Filologiýa (tehniki iňlis dili we ýapon dili)
Bakalawr maglumat tehnologiýalary, tehnika, tehnologiýalar we inženerlik ulgamlarynda, maşyn gurluşykda, howa ýollary gullugynda we beýleki dürli kärhanalarda ylmy-tehniki dil bilen bagly bakalawrlar üçin niýetlenen wezipelerde işläp bilerler. Şeýle hem bakalawr orta mekdeplerinde hem-de başlangyç we orta hünär okuw mekdeplerinde taýýarlygynyň ugruna laýyklykda mugallymçylyk işini amala aşyryp biler.
- Hünär bilimi (Inženerçilik we tehniki dersleri okatmagyň usulyýeti)
Magistr islendik tehnologik pudaklarda, edara-kärhanalarda, şu ugra degişli bolan öndüriji kärhanalarynyň (zawodlarynyň) dürli bölümlerinde baş hünärmen wezipelerinde, ylmy-barlag institutlarda we edaralarda ylmy işgär wezipelerini eýeläp, şeýle hem, diňe bir orta we orta hünär mekdeplerinde däl-de , eýsem, ýokary okuw mekdeplerinde hem öz ugry boýunça mugallymçylyk işi bilen meşgullanyp biler.

Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm