Halkara hyzmatdaşlyk

Baş sahypa > Erasmus+

Erasmus+

Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň 598092-EPP-1-2018-1-BG-EPPKA2-CBHE-SP belgili “Täze tehnologiýalar arkaly Merkezi Aziýada ýokary bilimiň kämilleşdirilmegi” (HiEdTec) atly taslamasyna Bolgariýa Respublikasynyň Angel Kançew adyndaky Ruse uniwersiteti ýolbaşçylyk edýär. Taslama Ýewropa döwletlerinden Bolgariýa, Italiýa, Portugaliýa, Luksemburg we Orta Aziýa döwletleri bolan Turkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Tajikistan we Özbegistan respublikalarynyň ýokary okuw mekdepleri we döwletleriň bilim we ylym boýunça ministrlikleri gatnaşýar. Taslama Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Oguz Han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Türkmen döwlet energetika instituty we Türkmenistanyň Bilim ministrligi hyzmatdaş bolup gatnaşýar. Taslamanyň esasy maksady Merkezi Aziýa döwletlerinde täze innowasiýon tehnologiýalary ulanmak arkaly ýokary bilimi kämilleşdirmek, okuw prosesinde didaktiki modelleri we Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary (MKT) esasly innowasion bilim tehnologiýalaryny öwrenmegiň we netijeli ulanmagy durmuşa geçirmegiň üsti bilen, taslama agza döwletleriň bilim ulgamlaryny sanly nesile geçirmekden ybarat. Bilimiň we okatmagyň halkara taraplaryny Ýewropa bileleşigi we taslama agza ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky berk baglanyşygyň üsti bilen giňeltmek, sanly pedagogikada tejribäniň we tälimiň alyş-çalşygyny ýola goýmakdan ybarat.
Şeýle hem, Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde sanly nesil üçin täsirli prezentasiýalary taýýarlamak, uzak aralykdan wide-okuwlaryny, wideo-konferensiýalary, asinhron we sinhron okuwlary guramak, wirtual kitaphana ulgamyny taýýarlamak, okatmakda interaktiw multimediýa serişdelerini ulanmak, wideo leksiýalary taýýarlamak boýunça sapaklar gurnamak göz öňüne tutulan. Taslamanyň çäginde Türkmenistandaky anyk şertleri nazara almak bilen, ýokary bilim ulgamyny sanly nesile uýgunlaşdyrmagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamak, her ýokary okuw mekdebinde 1 sany innowasion bilim tehnologiýalary merkezini, 3 sany işjeň okuw otaglaryny, 1 sany wirtual synp otagyny döretmek, 5 sany elektron okuwlaryny, interaktiw tagtalarynda ulanmak maksady bilen 5 sany umumy sapagyň PowerPoint prezentasiýalaryny taýýarlamak, bulutlaýyn wirtual kitaphanany döretmek hem-de innowasion bilim tehnologiýalaryny ulanmagyň gollanmasyny döretmek maksat edinilýär. Taslama hyzmatdaş ýokary okuw mekdeplerini innowasion derejä çykarmaga ýardam berer.

Erasmus+

Программа Европейского Союза Erasmus + 598092-EPP-1-2018-1-BG-EPPKA2-CBHE-SP, осуществляемая под эгидой Русенского университета имени Ангела Кынчева республики Болгария, в рамках проекта «Улучшение высшего образования в Центральной Азии с помощью новых технологий» (HiEdTec). В проекте участвуют университеты европейских стран, Болгарии, Италии, Португалии, Люксембурга и Центральной Азии, Туркменистана, Казахстана, Кыргызстана, Таджикистана и Узбекистана, а также министерства образования и науки этих стран. Партнёрами проекта являются Международный университет гуманитарных наук и развития Туркменистана, Инженерно-технологический университет имени Огуз Хана, Туркменский государственный энергетический институт и Министерство образования Туркменистана. Основная цель проекта - улучшить образование в странах Центральной Азии за счет использования новых инновационных технологий, переведения образовательных систем стран-участников проекта в цифровое поколение посредством изучения и внедрения инновационных образовательных технологий, основанных на дидактических моделях и информационно-коммуникационных технологиях (ИКТ), учебный процесс. Расширение международного направления в образовании и обучении за счет прочной связи между Европейским Союзом и университетами-членами проекта, а также обмена опытом и обучения в области цифровой педагогики.
Также в предусмотрено подготовку влиятельных презентаций для цифрового поколения, организацию дистанционных видео лекций, видеоконференций, асинхронных и синхронных исследований, подготовку системы виртуальной библиотеки, использование интерактивных мультимедийных обучающих программ, видео уроков в высших учебных заведениях стран Центральной Азии. В рамках проекта планируется разработка программы адаптации системы высшего образования к цифровому поколению с учетом специфических условий в Туркменистане, создание 1 центра инновационных образовательных технологий, 3 активных аудиторий, 1 виртуального класса, 5 электронных обучающих программ в каждом университете, подготовка 5 общих уроков для презентаций PowerPoint, с целью использования интерактивных досок, создать облачную виртуальную библиотеку и руководство по использованию инновационных образовательных технологий. Проект поможет партнёрам вывести высшее образование на инновационный уровень.

Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm