Halkara hyzmatdaşlyk

Baş sahypa > HiEdTec

HiEdTech


Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň 598092-EPP-1-2018-1-BG-EPPKA2-CBHE-SP belgili “Täze tehnologiýalar arkaly Merkezi Aziýada ýokary bilimiň kämilleşdirilmegi” (HiEdTec) atly taslamasyna Bolgariýa Respublikasynyň Angel Kançew adyndaky Ruse uniwersiteti ýolbaşçylyk edýär. Taslama 2019-2021 ýyllar aralygynda amala aşyrylýar we 36 aý dowam edýär.
 Taslama Ýewropa döwletlerinden Bolgariýa, Italiýa, Portugaliýa, Luksemburg we Orta Aziýa döwletleri bolan Turkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Tajikistan we Özbegistan respublikalarynyň ýokary okuw mekdepleri we döwletleriň bilim we ylym boýunça ministrlikleri gatnaşýar. Olaryň sanawy aşakda görkezilen:
 P1-Angel Kançew adyndaky Ruse uniwersiteti, Bolgariýa
 P2-Almaty tehnologiýalar uniwersiteti, Gazagystan
 P3-L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersiteti, Gazagystan
 P4-Ýewraziýanyň innowasiýon uniwersiteti, Gazagystan
 P5-Alo-Too halkara uniwersiteti, Gyrgyzystan
 P6-K.Tynystanow adyndaky Issykkul döwlet uniwersiteti, Gyrgyzystan
 P7-Gyrgyz döwlet ykdasady uniwersiteti, Gyrgyzystan
 P8-N.Nazarşoýew adyndaky Horog döwlet uniwersiteti, Täjigistan
 P9-M.Osimi adyndaky Täjik tehniki uniwersiteti, Täjigistan
 P10-Täjigistanyň tehnologiýalar uniwersiteti, Täjigistan
 P11-Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmenistan
 P12- Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Türkmenistan
 P13-Türkmen döwlet energetika instituty, Türkmenistan
 P14-Andiijan maşyngurluşygy insituty, Özbegistan
 P15-Daşkent döwlet ykdasydy uniwersiteti, Özbegistan
 P16-Daşkent maglumat tehnologiýalar uniwersiteti, Özbegistan
 P17-Pawiýa uniwersiteti, Italiýa
 P18-Lýuksemburg uniwersiteti, Lýuksemburg
 P19-Koimbra uniwersiteti, Portugaliýa
 P20-Gazagystan Respublikasynyň Bilim we ylym ministrligi
 P21-Gyrgyzystan Respublikasynyň Bilim we ylym ministrligi
 P22-Täjigistan Respublikasynyň Bilim we ylym ministrligi
 P23-Türkmenistanyň Bilim ministrligi
 P24-Özbegistan Respublikasynyň Ýokary we ýöriteleşdirilen orta bilim ministrligi
 Taslama Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Oguz Han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Türkmen döwlet energetika instituty we Türkmenistanyň Bilim ministrligi hyzmatdaş bolup gatnaşýar. Taslamanyň esasy maksady Merkezi Aziýa döwletlerinde täze innowasiýon tehnologiýalary ulanmak arkaly ýokary bilimi kämilleşdirmek, okuw prosesinde didaktiki modelleri we Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary (MKT) esasly innowasion bilim tehnologiýalaryny öwrenmegiň we netijeli ulanmagy durmuşa geçirmegiň üsti bilen, taslama agza döwletleriň bilim ulgamlaryny sanly nesile geçirmekden ybarat. Bilimiň we okatmagyň halkara taraplaryny Ýewropa bileleşigi we taslama agza ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky berk baglanyşygyň üsti bilen giňeltmek, sanly pedagogikada tejribäniň we tälimiň alyş-çalşygyny ýola goýmakdan ybarat.
 Şeýle hem, Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde sanly nesil üçin täsirli prezentasiýalary taýýarlamak, uzak aralykdan wide-okuwlaryny, wideo-konferensiýalary, asinhron we sinhron okuwlary guramak, wirtual kitaphana ulgamyny taýýarlamak, okatmakda interaktiw multimediýa serişdelerini ulanmak, wideo leksiýalary taýýarlamak boýunça sapaklar gurnamak göz öňüne tutulan.
 Taslamanyň çäginde Türkmenistandaky anyk şertleri nazara almak bilen, ýokary bilim ulgamyny sanly nesile uýgunlaşdyrmagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamak, her ýokary okuw mekdebinde 1 sany innowasion bilim tehnologiýalary merkezini, 3 sany işjeň okuw otaglaryny, 1 sany wirtual synp otagyny döretmek, 5 sany elektron okuwlaryny, interaktiw tagtalarynda ulanmak maksady bilen 5 sany umumy sapagyň PowerPoint prezentasiýalaryny taýýarlamak, bulutlaýyn wirtual kitaphanany döretmek hem-de innowasion bilim tehnologiýalaryny ulanmagyň gollanmasyny döretmek maksat edinilýär. Taslama hyzmatdaş ýokary okuw mekdeplerini innowasion derejä çykarmaga ýardam berer.
 09.03.2019-17.03.2019 seneler aralygynda Bolgariýanyň Angel Kançew adyndaky Ruse uniwersitetinde taslamanyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taslamada ýerine ýetirilmeli işleriň maksatnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy we kesgitlenildi. Ýerine ýetirilmeli işler Iş bukjalaryndan (IB) ybarat we her iş bukjasy birnäçe ýumuşlardan ybarat. Her ýumuşa bir ýa-da birnäçe taslama agzasy jogapkär bellenilýär. Her iş bukjasynyň başlanýan we tamamlanýan senesi kesgitlenen. Her iş bukjasynyň taýýarlyk, ösdürmek, hil maksatnamasy, ýaýratmak we ulanmak hem-de dolandyryş ýaly görnüşleri bar.
 01.07.2019-07.07.2019 seneler aralygynda Gazagystanyň Almaty Tehnologiýalar uniwersitetinde taslamanyň ikinji duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taslamanyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýokary bilim ulgamyny sanly nesile uýgunlaşdyrmak boýunça Maksatnamany (Konsepsiýany) taýýarlamak barada maslahatlar edildi we ýerine ýetirilmeli işler kesgitlenildi.
 01.12.2019-08.12.2019 seneler aralygynda Özbegistanyň Daşkent döwlet ykdysadyýet uniwersitetinde taslamanyň üçünji duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen sanly nesil üçin täsirli prezentasiýalary taýýarlamak, uzak aralykdan wide-okuwlaryny, wideo-konferensiýalary, asinhron we sinhron okuwlary guramak, wirtual kitaphana ulgamyny taýýarlamak, okatmakda interaktiw multimediýa serişdelerini ulanmak, wideo leksiýalary taýýarlamak boýunça sapaklar gurnaldy. Gurnalan sapaklarda tälim alan mugallymlar öz ýokary okuw mekdeplerindäki mugallymlara sapaklary guramak boýunça ýumuş goýuldy.Şeýle-hem üçünji duşuşygyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýokary bilim ulgamyny sanly nesile uýgunlaşdyrmak boýunça Maksatnamalaryň (Konsepsiýalaryň) gutarnykly görnüşleri türkmen, rus we iňlis dillerinde taýýarlanyldy.
 2020-nji ýylyň 7-nji iýulynda taslama ýolbaşçylyk edýän Bolgariýa Respublikasynyň Angel Kançew adyndaky Ruse uniwersiteti tarapyndan gurnalan, taslama agza ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen teleköpri arkaly iş duşuşygy we maslahaty geçirildi.
 Duşuşyklara taslama gatnaşýan ähli döwletleriň bilim ministrlikleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Innowasion bilim tehnologiýalary we didaktiki modeller ugrunda netijeli tejribeleri alyş çalyş etmek we özara paýlaşmak üçin taslama gatnaşýanlaryň arasynda durnukly akademiki tory döretmek üçin Bolgariýanyň Ruse uniwersiteti tarapyndan taslamanyň web saýty (e-salgy: https://hiedtec.ecs.uni-ruse.bg ) döredildi.
 Taslamanyň çäginde Türkmenistanyň 3 sany ýokary okuw mekdebine: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinw, Oguz Han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetine we Türkmen döwlet energetika institutyna bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen okuw enjamy bermek meýilleşdirilen. Taslamanyň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin gerekli bolan okuw enjamlary Hakara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Oguz Han adyndaky Türkmenistanyň inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Türkmen döwlet energetika institutynyň ygtyýary bilen Bolgariýanyň Angel Kançew adyndaky Ruse uniwersiteti tarapyndan tender etmegiň netijesinde satyn alyndy. Her ýokary okuw mekdebinde 1 sany innowasion bilim tehnologiýalary merkezi we 3 sany işjeň okuw otaglary döredildi. Merkez we okuw otaglary taslama tarapyndan berlen enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar
 Taslamanyň esasy maksatlary aşakdakylardan ybaratdyr:
 - bilim ulgamyndaky innowasion tehnologiýalar boýunça tejribe alyşmak;
 - sanly bilim ulgamy boýunça döredilen elektron okuw merkezleriniň işini kämilleşdirmek;
 - wirtual (hyýaly) synplary gurnamak;
 - innowasion bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça okuw gollanmasyny taýýarlamak;
 - mugallymlaryň sanly bilim ulgamy boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak;  - elektron okuwlary gurnamak;
 - umumy okuwlaryň ýazgylaryny, prezentasiýalary taýýarlamak;
 - bulutlaýyn tehnologiýanyň kömegi bilen sanly bilim ulgamyna degişli edebiýatlaryň wirtual (hyýaly) kitaphanasyny döretmek.
 Şol sebäpli hem, ýokarda görkezilen maksatlara ýetmek we ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin taslamanyň hasabyna aşakdaky enjamlary Türkmenistandan bu taslama gatnaşyjy her bir ýokary okuw mekdebine ornaşdyrmak meýilleşdirilýär:
 - Innowasion bilim tehnologiýalary merkezi üçin 1 sany Server we 1 sany UPS;
 - Ultra gysga aralykly interaktiw multimediýa proýektorlary - 4 sany;
 - Innowasion bilim tehnologiýalary merkezi üçin noutbuk (Laptop) - 1 sany;
 - Işjeň okuw otaglary üçin noutbuk (Laptop) - 3 sany;
 - “Ähli mümkinçilikleri jemlenen” (All-in-One) sensorly stol kompýuteri - 4 sany;
 - Planşet (tablet) - 1 sany;
 - Iki ganatly alýumin ak tagta - 4 sany;

HiEdTech

Программа Erasmus + Европейского Союза “Улучшение высшего образования в Средней Азии с помощью новых технологий ” под номером 598092-EPP-1-2018-1-BG-EPPKA2-CBHE-SP осуществляется под эгидой а Русенского университета имени Ангела Кынчева Республики Болгария. Проект реализуется с 2019-2021 года и рассчитан на 36 месяцев.
В проекте участвуют университеты европейских стран как Болгария, Италия, Португалия, Люксембург и из Центральной Азии: Туркменистан, Казахстан, Кыргызстан, Таджикистан и Узбекистан, а также министерства образования и науки этих стран. Их список следующий:

Р1- Русенский университет имени Ангела Кынчева, Болгария
Р2- Алматинский Технологический Университет, Казахстан
Р3- Евразийский национальный университет имени Л.Н. Гумилева, Казахстан
Р4- Инновационный Евразийский университет, Казахстан
Р5- Международный университет Ала-Тоо, Киргизия
Р6- Иссык-Кульский государственный университет имени Касыма Тыныстанова, Киргизия
Р7- Кыргызский экономический университет, Киргизия
Р8- Хорогский государственный университет
Р9-Таджикский технический университет имени М. Осими, Таджикистан
Р10- Технологический университет Таджикистана, Таджикистан
P11- Международный университет гуманитарных наук и развития Туркменистана, Туркменистан
P12- Инженерно-технологический университет Туркменистана имени Огуз Хана, Туркменистан
P13- Туркменский государственный энергетический институт, Туркменистан
P14- Андижанский машиностроительный институт, Узбекистан
P15-Тошкентский государственный экономический институт, Узбекистан
P16-Тошкенсткий университет информационных технологий имени Мухаммада аль-Хорезми, Узбекистан
P17-Университет Павии, Италия
P18-Университет Люксембурга, Люксембург
P19-Каомбрский университет, Португалия
P20- Министерство образования и науки Республики Казахстан
P21- Министерство образования и науки Республики Киргизии
P22-Министерство образования и науки Республики Таджикистан
P23-Министерство образования Туркменистана
P24-Министерство высшего и среднего специализированного образования Республики Узбекистан
Партнерами проекта выступают Международный университет гуманитарных наук и развития Туркменистана, Инженерно-технологический университет Туркменистана имени Огуз Хана, Туркменский государственный энергетический институт и Министерство образования Туркменистана. Основная цель проекта - улучшить образование в странах Центральной Азии за счет использования новых инновационных технологий, переведения образовательных систем стран-участников проекта в цифровое поколение посредством изучения и внедрения инновационных образовательных технологий, основанных на дидактических моделях и информационно-коммуникационных технологиях (ИКТ), учебный процесс. Расширение международного направления в образовании и обучении за счет прочной связи между Европейским Союзом и университетами-членами проекта, а также обмена опытом и обучения в области цифровой педагогики.
Также в предусмотрено подготовку влиятельных презентаций для цифрового поколения, организацию дистанционных видео лекций, видеоконференций, асинхронных и синхронных исследований, подготовку системы виртуальной библиотеки, использование интерактивных мультимедийных обучающих программ, видео уроков в высших учебных заведениях стран Центральной Азии. В рамках проекта планируется разработка программы адаптации системы высшего образования к цифровому поколению с учетом специфических условий в Туркменистане, создание 1 центра инновационных образовательных технологий, 3 активных аудиторий, 1 виртуального класса, 5 электронных обучающих программ в каждом университете, подготовка 5 общих уроков для презентаций PowerPoint, с целью использования интерактивных досок, создать облачную виртуальную библиотеку и создать руководство по использованию инновационных образовательных технологий. Проект поможет партнёрам вывести высшее образование на инновационный уровень.
Первая встреча проекта прошла в Русенском университете имени Ангела Кынчева, Болгария, с 09.03.2019-17.03.2019. В ходе встречи была обсуждена и определена программа работ, которые будут проводиться в рамках проекта. Предстоящая работа состоит из рабочих пакетов (IB), и каждый рабочий пакет состоит из нескольких задач. Каждому проекту назначается один или несколько участников проекта. Устанавливается дата начала и окончания каждого пакета. В каждом пакете есть такие параметры, как подготовка, разработка, программа качества, распространение и использование, а также управление. Вторая встреча проекта прошла в Алматинском технологическом университете в Казахстане с 01.07.2019-07.07.2019. В ходе встречи участники проекта обсудили подготовку программы адаптации системы высшего образования в странах Центральной Азии и определили работу, которую необходимо выполнить.
Третья встреча проекта прошла в Ташкентском государственном экономическом университете в Узбекистане с 01.12.2019-08.12.2019. На встрече присутствовали представители высших учебных заведений для подготовки эффективных презентаций для цифрового поколения, для организации дистанционных видео лекций, видеоконференций, асинхронных и синхронных занятий, для подготовки системы виртуальной библиотеки, для использования интерактивных мультимедиа в обучении, видео лекций, Учителям, прошедшим обучение в организованных классах, было поручено организовать уроки для учителей в своих университетах. Третья встреча также включала окончательную версию цифровой концепции программ (концепций) высшего образования в странах Центральной Азии на туркменском, русском и английском языках.
7 июля 2020 года состоялась телеконференция с университетами стран-участниц проекта, организованная руководителем проекта в Русенским университетом имени Ангела Кынчева в Республике Болгария.
Во встречах приняли участие представители министерств образования и высшего образования всех стран-участниц проекта. Веб-сайт проекта Русенского университета в Болгария (электронная почта: https://hiedtec.ecs.uni-ruse.bg) был создан для обмена эффективным опытом в области инновационных образовательных технологий и дидактических моделей, а также для создания стабильной академической сети среди участников проекта.
Проект направлен на предоставление учебного оборудования с целью улучшения системы образования трём высшим учебным заведениям Туркменистана: Международному университету гуманитарных наук и развития, Инженерно-технологическому университету имени Огуз хана и Туркменскому государственному энергетическому институту. Учебное оборудование, необходимое для успешной реализации проекта, было закуплено Международным университетом гуманитарных наук и развития, Инженерно-технологическим университетом Туркменистана имени Огуз-хана и Туркменским государственным энергетическим институтом Туркменистана в результате организации тендере Русенским университетом имени Ангела Кынчева в Болгарии. В каждом университете есть 1 Центр инновационных образовательных технологий и 3 действующих учебных класса. Центр и учебные классы оснащены оборудованием, предоставленным проектом.
Основные цели проекта:

- обмен опытом использования инновационных технологий в сфере образования;
- Улучшение функционирования центров электронного обучения, созданных в области цифрового образования;
- организация виртуальных (воображаемых) занятий;
- подготовка пособия по внедрению инновационной системы образования;
- повышение квалификации учителей в области цифрового образования; - организация электронного обучения;
- подготовка общих учебных записок и презентаций;
- создание виртуальной (воображаемой) библиотеки литературы по системе цифрового образования с помощью облачных технологий.
Поэтому для достижения вышеуказанных целей и реализации на практике в каждое высшее учебное заведение, участвующее в проекте, из Туркменистана планируется установить следующее оборудование:

- 1 Сервер и 1 ИБП для Центра инновационных образовательных технологий;
- Интерактивные мультимедийные сверхмалые проекторы – 1шт
- Ноутбук для Центра инновационных образовательных технологий – 1 шт;
- Ноутбук для активных занятий - 3 шт;
- компьютер «All-in-One» с сенсорным экраном - 4 шт;
- Планшет- 1 шт;
- Доска алюминиевая белая двухстворчатая - 4 шт;

Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm