Uniwersitet barada

Baş sahypa > Fakultetler > Hünärler

Innowasiýalaryň ykdysadyýeti

Bu fakultet “ykdysadyýet we innowasiýa” pudaklarynda işleýän, innowasion jemgyýeti döretmäge bäsleşige ukyply alymlary, tehniki bilermenleri, işewürleri, ykdysadyýetçileri, menejerleri, marketologlary taýýarlar. Fakultetiň uçurymlary ýurdumyzda innowasion we bilimleriň ykdysadyýetini kemala getirerler we ösdürerler. Talyplar matematikany, statistikany, ykdysadyýeti, dolandyrmagy, ylmy-barlaglary geçirmegiň usullaryny, innowasiýalary, täze tehnologiýalary, tebigy we ynsanperwer ylymlary, innowasiýalary durmuşa ornaşdyrmagy, peýda gazanmagy, innowasion bazary döretmegi we ony dolandyrmagy, halkara gatnaşyklaryny, söwda syýasatyny, innowasion önümleri seljermegi, hukuk ylymlary öwrenerler. Häzirki zamanda bu bilimler ylmyň, tehnologiýalaryň, işewürligiň, medeniýetiň arabaglanyşygyny öwrenmek üçin zerurdyr. Talyplar “Innowasion senagatyň ykdysadyýeti”, “Dolandyrmakda we bazary öwrenmekde innowasiýalar” ýaly dersleri özleşdirerler. Şeýle-de, olar innowasion tehnologik-medeni önümleri işläp taýýarlamak, işewürlik meýilnamalary we innowasion bazaryň modelini düzmek ýaly meseleleri hem çözerler.

Okuwlary we ylmy-barlag işleri ýokary derejede alyp barmak üçin uniwersitetiň ýanynda ýörite okuw we ylmy-önümçilik merkezler hem döredildi


Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm