Uniwersitet barada

Baş sahypa > Fakultetler > Hünärler

Himiki we nanotehnologiýa fakulteti

Häzirkizaman dünýäsinde ýaşaýşyň esasyny energiýa we dürli materiallar düzýär. Energiýa we materiallar ýaşaýşyň we siwilizasiýalaryň, ylmyň we tehnikanyň ösüşiniň hereketlendiriji güýjüdir. Olar senagatyň dürli pudaklarynyň we ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösmeginde, maglumatlary ýygnamak, seljermek, başga ýerlere geçirmek, ähli tehnologiýalary döretmek we dolandyrmak üçin zerur bolan elektronikanyň kämilleşmeginde, şeýle-de ýaşaýşyň derejesini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan enjamlaryň önümçiliginde innowasiýalaryň çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Soňky döwürde has wajyp ylmy barlaglar täze “akylly” materiallary döretmek we olary öwrenmek boýunça nanotehnologiýalarda jemlenendir. Bu tehnologiýalar bolsa, öz başyny nano ölçegdäki atomlaryň we molekulalaryň himiýasyndan we fizikasyndan alyp gaýdýar.

Himiki we nanotehnologiýa fakultetinde okuwlar materiallar baradaky ylymlary we tehnologiýalary öwrenmekden başlanar hem-de ýarymgeçirijileri, metallary, keramikany, ýumşak we beýleki maddalary düýpli öwrenmek bilen dowam eder. Esasy üns nanohimiýada, elektronikada, energiýany bir görnüşden başga görnüşe öwürmekde, biolukmançylykda ulanylýan tehnologiýalara berler. Ýurdumyzda bar bolan tebigy çyg mallaryň esasynda täze materiallary döretmek, olaryň esasynda innowasion önümleri öndürmek we durmuşa ornaşdyrmak bu fakultetiň talyplarynyň we professor-mugallymlarynyň düýp maksady bolar.


Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm