Uniwersitet barada

Baş sahypa > Fakultetler > Hünärler

Awtomatika we elektronika fakulteti

Häzirkizaman jemgyýetinde robotlar diňe bir önümçilikde däl, eýsem durmuş we öý şertlerinde hem giňden ulanylýar. Robotlar adamyň keselini bejermekden başlap, älemi öwrenmek pudaklaryna çenli durmuşyň ähli ýerlerinde ulanylýar. Ýakyn gelejekde robotlar ýönekeý serişde bolman, eýsem olar adam jemgyýetiniň aýrylmaz bölegi bolar.

Awtomatika we elektronika fakulteti ýokary derejeli inženerleri, robot tehnikleri, elektronika, awtomatika, elektrik ulgamlary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýar. Olar fizikanyň, mehanikanyň, kwant mehanikasynyň, elektronikanyň, mehatronikanyň esaslaryny ele alarlar we häzirkizaman elektronikanyň we robot tehnikanyň tehnologiýalaryny öwrenýärler. Bu fakulteti tamamlan hünärmenler ýurdumyzda täze pudaklary – elektronika we robot tehnikasyny – döretmekde uly işleri bitirerler.


Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm