Uniwersitet barada

Baş sahypa > Fakultetler > Hünärler

Bakalawr:
Matematika, fizika, himiýa, biologiýa, informatika, tehnika, tehnologiýa ugurlaryna degişli ylmy adalgalary iňlis we ýapon dillerinde suwara bilmegi;
Tehniki iňlis dilinde we ýapon dilinde adaty we ylmy söz baýlyklaryna eýe bolmagy;
Tehniki iňlis dilinde we ýapon dilinde resminamalary ýazmagy we tehniki düşünjeleri beýan etmegi;
Hünäri boýunça tehniki we ylmy edebiýaty okamakda we oňa düşünmekde ähli pedagogiki usullary we ýörelgeleri ele almagy;
Tehniki iňlis dilinde we ýapon dilinde audio we wideo arkaly beýan edilýän ylmy çykyşlary, gepleşikleri, temalary diňläp düşünmegi;
Audio we wideo materiallardaky tehniki daşary ýurt dillerindäki ylmy we tehniki adalgalara erkin düşünmegi we olar arkaly ýörite gönükmeleri ýerine ýetirmegi;
Tehniki iňlis dilinde we ýapon dilinde makala, ylmy iş ýazmagy;
Resmi we resmi däl gepleşiklerde inženerler üçin tehniki iňlis we ýapon dillerinde erkin ýagdaýda sowatly gürlemegi;
Tehniki iňlis dilinde we ýapon dilinde tehniki tekstleri erkin okamagy we ylmyň dürli ugurlaryna degişli tekstleri erkin ýazmagy başarmalydyr.
Bakalawr maglumat tehnologiýalary, tehnika, tehnologiýalar we inženerlik ulgamlarynda, maşyn gurluşykda, howa ýollary gullugynda we beýleki dürli kärhanalarda ylmy-tehniki dil bilen bagly bakalawrlar üçin niýetlenen wezipelerde işläp bilerler. Şeýle hem bakalawr orta mekdeplerinde hem-de başlangyç we orta hünär okuw mekdeplerinde taýýarlygynyň ugruna laýyklykda mugallymçylyk işini amala aşyryp biler.

Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm