Uniwersitet barada

Baş sahypa > Fakultetler > Hünärler

Bakalawr ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Hormatly Prezidentine wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna, Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatlaryna doly we dogry düşünýän hem-de olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahs bolmalydyr.
Bakalawr köpçülik bilen işlemegi, ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksadaokgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, alan nazary bilimini we tejribe endiklerini yzygiderli kämilleşdirmegi, öz ugruna degişli ylmy maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.
Bakalawr ylmy we amaly taýdan düýpli taýýarlykly, ugruny kämil ele alan, öz bilimini, dünýägaraýşyny, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybirlikde işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.
Bakalawr dürli edara-kärhanalarda innowasion tehnologiýalaryň esasynda önümçiligi ýola goýmagy, olaryň nyrhlaryny kesgitlemegi, işewürlik hadysalary öňünden görmegi we bu işde töwekgelçilikleri dolandyrmagy, işewürlik işiniň wajyp ugurlaryny kesgitlemegi, innowasion taslamalary dolandyrmagy, tehnologiýalaryň hilini kämilleşdirmegi, sazlamagy we alyp barmagy başarmalydyr.
Tehnologiýalaryň işewürligi boýunça bakalawr tehnologik önümleri öndürmek üçin zerur meýilnamalary işläp düzmegi we olaryň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmegi başarmalydyr. Olar önümçilik tehnologiýalaryny, kärhananyň ykdysadyýetini we maliýe-hojalyk işini, maliýe menejmentini we konsaltingini, hil menejmentiniň esaslaryny, alyş-satyş işlerini, tehnologiýalar pudagynyň marketingini bilmelidirler we tehnologik taslamalary dolandyrmagy başarmalydyrlar.
Tehnologiýalaryň işewürligi ugruny tamamlan bakalawrlar täze tehnologiýalary oýlap, olaryň üstünde işläp, ykdysadyýete getirjek peýdasyny anyklap, innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, senagatda bäsleşige ukyply önümleri öndürip bilýän hünärmenler bolmalydyr. Bakalawr islendik tehnologik pudaklaryň, edara-kärhanalaryň şu ugra degişli bolan dürli bölümlerinde, ylmy-barlag edaralarda, şeýle hem işewürligiň dürli ugurlaryna degişli edara-kärhanany ösdürmek we dolandyrmak boýunça bölümlerinde we gulluklarynda, dürli pudaklaryň edaralarynyň maliýe-ykdysady we edara ediş-hojalyk gulluklarynda, bank we ätiýaçlandyryş ulgamlarynyň edaralarynda, döwlet we ýerli häkimiýet edaralarynda, ykdysadyýetiň we işewürligiň dürli ugurlary boýunça bakalawra niýetlenen wezipelerde işläp biler.
Kärhananyň ykdysadyýetini we maliýe-hojalyk işini seljermek we amatly dolandyrmak boýunça çözgütleri kabul etmek, innowasion menejment, ekonometrika we ykdysady hadysalary matematiki modelirlemek, innowasion tehnologiýalaryň esasynda önümçiligi ýola goýmak we innowasion önümi öndürmek we satmak, kreatiw pikirlenmek we standart däl meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamak, innowasion taslamalary dolandyrmak, işleri meýilleşdirmek we gurnamak – tehnologiýalaryň işewürligi ugrunda taýýarlanylýan bakalawrlaryň esasy wezipeleridir.

Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm