Uniwersitet barada

Baş sahypa > Fakultetler > Hünärler

Bakalawr ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Prezidentine wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna, Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içerki we daşarky syýasatlaryna doly we dogry düşünýän hem-de olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahs bolmalydyr.
Bakalawr köpçülik bilen işleşmegi, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksadaokgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, alan nazary bilimini we tejribe endiklerini yzygiderli kämilleşdirmegi, öz ugruna degişli bar bolan ylmy maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.
Bakalawr ylmy we amaly taýdan düýpli taýýarlykly, ugruny kämil ele alan, öz bilimini, dünýägaraýşyny, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybirlikde işlemegi başarýan şahs bolmalydyr. Bakalawr dürli guramalarda (edara-kärhanalarda) guramaçylyk işlerini alyp barmagy, innowasion, maýa goýum taslamalary işläp düzüp, taslamalary dolandyrmak boýunça ähli işleri alyp barmagy başarmalydyr, guramaçylyk işlerini kämilleşdirmegi, sazlamagy we alyp barmagy, işgärleri dolandyrmagy, kärhana zerur bolan hünärmenleri kesgitlemegi başarmalydyr.
Işgärleri dolandyryş ugrunyň bakalawry işgärleri dolandyrmakda strategiýalary işläp düzýän, guramaçylyk işleri meýilnamalaşdyrýan we amala aşyrýan, dolandyş meselelerini çözmeklikde höweslendirmegiň, lider bolmaklygyň esasy nazaryýetlerini ulanmaklygy başarýan, işgärleri dolandyrmakda häzirki zaman tehnologiýalar bilen peýdalanyp bilýän bakalawrlardyr. Şeýle hem, olar önümçilik tehnologiýalary, ykdysadyýetiň we telekeçiligiň esaslaryny bilmelidirler, kärhananyň, innowasion işiň ykdysadyýetini, işgärleri dolandyrmakda innowasion menejmentiň usullaryny bilmegi we ulanmagy, işgärleri höweslendirmegi, guramaçylyk tertibini we medeniýetini, innowasion işinde töwekgelçilikleri dolandyrmagy, innowasion pudagynyň marketingini bilmelidirler we işgärleri, adam we intellektual resurslary dolandyrmagy başarmalydyrlar.
Işgärleri dolandyryş ugruny tamamlan bakalawrlar edara-kärhanalaryň ähli görnüşinde ýolbaşçy, dolandyryjy, işgärler bölüminiň gözegçisi, rekruter, işgärler bölümi boýunça hünärmen, işgärleri öwretmek boýunça hünärmen, işgärleri saýlamak boýunça hünärmen, işgärleri seljermek we ýerlemek boýunça dolandyryjy, işgärlerde, hünärmenlerde zerurlygy kesgitlemek we çaklamak boýunça hünärmeni, kärhanalaryň maksatlary we meseleleri boýunça işgärler we hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça işleri gurnaýan we dolandyrýan hünärmeni ýaly wezipeleri eýeläp, zähmet çekip bilerler.
Bakalawr islendik tehnologik pudaklarda, edara-kärhanalarda, şu ugra degişli bolan öndüriji kärhanalarynyň (zawodlaryň) dürli bölümlerinde, ylmy-barlag edaralarynda bakalawra niýetlenen wezipelerini eýeläp işläp biler.
Intellektual resurslary dolandyrmak, işgärleri dolandyrmakda innowasion menejmentiň usullaryny bilmek, dolandyryş çözgütleri kabul etmek, innowasion we maýa goýum taslamalary işläp düzmek, seljermek we dolandyrmak, guramaçylyk işlerini gurnamak, alyp barmak we dolandyrmak, edara-kärhanalarda işgärleri öz hünärleri we başarnyklary boýunça ýerlemek, marketing gözleglerini alyp barmak we derňemek, welaýatlary innowasion ösdürmek, kreatiw pikirlenmek we standart däl meseleleriniň algoritmini işlemek, işleri meýilleşdirmek we gurnamak, zähmet hukugyny bilmek, kärhananyň adam resurslaryny meýilleşdirmek we guramak – işgärleri dolandyryş ugrunda taýýarlanylýan bakalawrlaryň esasy wezipeleridir.

Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm