Uniwersitet barada

Baş sahypa > Fakultetler > Hünärler

Häzirki zaman tehnologiýalaryň fizikasy taýýarlygynyň ugry boýunça okuwyny tamamlan bakalawrlar aşakda atlary görkezilen pudaklarda iş ýerlerini tapyp bilerler: akustika, alternatiw energetika, biolukmançylyk enjamlary, işewürlik, kriogenika, kompýuter oýunlary, geofizika, ýaşyl inženerçilik, maglumat we kommunikasion tehnologiýalar, materiallaryň aýlanşygyny dolandyrmak, materiallary öwrenmek, lukmançylyk fizikasy, metrologiýa, elektronika, mikroelektronika, dag-magdan senagaty, nanotehnologiýalar, ýadro energetikasy we enjam gurluşygy, nebit we gaz senagaty, optika, optoelektronika, ýarymgeçirijiler, programma serişdesini işläp düzmek, telekommunikasiýalar, fotonika, orta we orta hünär okuw mekdeplerinde öz ugry boýunça mugallymçylyk işi. Bakalawr ýokary tehnologik önümlerini (enjamlary) döretmekde önümçilik- tehnologiki, guramaçylyk-dolandyryş, tejribe-barlag, ylmy-barlag we taslama-konstruktorçylyk işlerini ýerine ýetirip, ýokary okuw mekdebinde alan bilimlerini önümleriň (enjamlaryň) öndürilişini artdyrmakda ulanmak üçin taýýarlanylýar. Bakalawr islendik tehnologik pudaklarda, edara-kärhanalarda, öz ugruna degişli bolan öndüriji kärhanalarynyň (zawodlarynyň) dürli bölümlerinde, ylmy-barlag edaralarynda bakalawrlara niýetlenen wezipeleri eýeläp biler. Şeýle hem, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Oguz han” innowasion toplumynda Awtomatika we elelektronika fakultetine degişli “Nanoelektronika we zatlaryň interneti” hem-de “Bionika we robot tehnikasy” ylmy-önümçilik merkezleri hereket edýär.


Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm