Uniwersitet barada

Baş sahypa > Fakultetler > Hünärler

Biolukmançylyk elektronikasy taýýarlygynyň ugry inženerçilik ýörelgelerini lukmançylyk we biologiýa ylymlary bilen birleşdirip, bu ugurda saglygy goraýyşda ulanylýan enjamlar bilen işlemegi, olary bejermegi, şol enjamlary döretmegiň tehnologiýasyny we programma üpjünçiligini işläp taýýarlamagy başarýan hünärmenler taýýarlanylýar.

Bu ugurda bilim alýan talyplara lukmançylykda ulanylýan abzallary we enjamlary taslamagy, kliniki meseleleri çözmek üçin täze tehnologiýalary işläp düzmegi, döwrebap lukmançylyk enjamlary üçin elektrik shemalaryny we olaryň programma üpjünçiligini,şeýle hem täze dermanlary barlamak üçin kompýuter simulýasiýalaryny taýýarlamagy öwredilýär.

Bakalawr islendik tehnologik pudaklarda, edara-kärhanalarda, şu ugra degişli bolan öndüriji kärhanalarynyň (zawodlarynyň) dürli bölümlerinde, ylmy-barlag edaralarynda bakalawrlara niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.


Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm