Uniwersitet barada

Baş sahypa > Fakultetler > Hünärler

Mehatronika we robot tehnikasy taýýarlygynyň ugry ylmyň öňdebaryjy elektrik inženerçiligi, mehaniki inženerçiligi, maglumat tehnologiýalary, emeli aň we bionika ugurlarynyň çatrygynda emele gelip, bu ugurda fiziki ulgamlary modelirlemegi, akylly dolandyrmagy, robot hereketlendirijileri we integral shemalara esaslanýan dolandyryş ulgamlary taslamagy başarýan hünärmenler taýýarlanylýar.

Bu ugurda bilim alýan talyplara üznüksiz işleýän ulgamlary gurmagy we bu ulgamlar üçin ýörite programma üpjünçiligini işläp taýýarlamagy, şeýle hem zawodlardaky programma bilen dolandyrylýan enjamlary, uçarmansyz ulag serişdeleri, senagatda, gurluşykda, hojalykda, lukmançylykda we beýleki ugurlarda ulanmak üçin mehatron we robotlaşdyrylan ulgamlaryny taslamagy, olaryň işleýişi we önümçiligi öwredilýär.

Bakalawr islendik tehnologik pudaklarda, edara-kärhanalarda, şu ugra degişli bolan öndüriji kärhanalarynyň (zawodlarynyň) dürli bölümlerinde, ylmy-barlag edaralarynda bakalawrlara niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.


Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm