Uniwersitet barada

Baş sahypa > Fakultetler > Hünärler

Elektronika we nanoelektronika taýýarlygynyň ugry ylmyň öňdebaryjy ugurlary bolan materiallary öwrenmek, nanotehnologiýalar,fizika, himiýa we elektrik inženerçiligi ýaly ugurlarynyň çatrygynda emele gelip, bu ugurda nano derejedäki ulgamlaryň elektron we magnit häsiýetlerini derňemegi, elektron enjamlary döretmegi, mikrokontrollerleri programma bilen üpjün etmegi, maglumatlary ulgamlaşdyrmagy we derňemegi, elektron enjamlaryny awtomatlaşdyrmagy, dürli fiziki hadysalaryň modellerini we algoritmlerini döretmegi, dürli maksatlar üçin niýetlenen gaty jisim, mikrotolkun, optiki, mikro we nanoelektronika enjamlarynyň önümçilik tehnologiýasyny işläp düzmegi başarýan hünärmenler taýýarlanylýar.

Bakalawr islendik tehnologik pudaklarda, edara-kärhanalarda, şu ugra degişli bolan öndüriji kärhanalarynyň (zawodlarynyň) dürli bölümlerinde, ylmy-barlag edaralarynda bakalawrlara niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.


Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm