Uniwersitet barada

Baş sahypa > Fakultetler > Hünärler

Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak taýýarlygynyň ugry ylmyň öňdebaryjy ugurlary bolan mehanika, elektronika, maglumat tehnologiýalary, hasaplaýyş tehnikasy, hadysalary modelirlemek, ulgamlaýyn önümçiligi dolandyrmak yaly ugurlarynyň çatrygynda emele gelip, bu ugurda ölçeýji, sazlaýjy, gözegçilik ediji awtomatlaşdyrylan enjamlaryň programma we tehniki üpjünçilik toplumlaryny döretmegi, olary ornaşdyrmagy, gurnamagy, sazlamagy, derňemegi, işletmegi we bejermegi başarýan hünärmenler taýýarlanylýar.

Bu ugurda bilim alýan talyplara gönüden-göni adam gatnaşmazdan ýerine ýetirilýän amallary we usullary özleşdirmegi, ýokary tehnologik önümlerini öndürmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan tehnologiki kartalaryny işläp düzmegi hem-de olaryň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini guramagy öwredilýär.

Bakalawr islendik tehnologik pudaklarda, edara-kärhanalarda, şu ugra degişli bolan öndüriji kärhanalarynyň (zawodlarynyň) dürli bölümlerinde, ylmy-barlag edaralarynda bakalawrlara niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.


Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm