Uniwersitet barada

Baş sahypa > Fakultetler > Hünärler

Bakalawr ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Prezidentine wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna, Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içerki we daşarky syýasatlaryna doly we dogry düşünýän hem-de olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahs bolmalydyr.
Bakalawr köpçülik bilen işleşmegi, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksadaokgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, alan nazary bilimini we tejribe endiklerini yzygiderli kämilleşdirmegi, öz ugruna degişli bar bolan ylmy maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.
Bakalawr düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, bilim derejesini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir, ylalaşykly işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.
Bakalawr dürli guramalarda (edaralarda) innowasion önümleri öndürmegi, innowasion taslamalary dolandyrmagy, innowasion işi kämilleşdirmegi, sazlamagy we alyp barmagy başarmalydyr.
Innowatikanyň bakalawry innowasion önümleri öndürmek üçin zerur meýilnamalary işläp düzýän, dolandyrýan we durmuşa ornaşdyrýan bakalawrlardyr. Şeýle hem, olar önümçilik tehnologiýalary, innowasion işiň ykdysadyýetini we maliýe üpjünçiligini, innowasion işde töwekgelçilikleri dolandyrmagy, innowasion pudagynyň marketingini bilmelidirler we guramaçylyk-dolandyryş işlerini alyp barmagy başarmalydyrlar.
Innowatika ugrunyň bakalawry taýýarlygyň ugruny tamamlan bakalawrlar täze önümleri oýlap, olaryň üstünde işläp, olaryň ykdysadyýetimize getirjek girdejisini anyklap, innowasion önümleriniň tehnologiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, senagatda bäsleşige ukyply önümleri öndürip bilýän hünärmenler bolup zähmet çekip bilerler.
Bakalawr islendik tehnologik pudaklarda, edara-kärhanalarda, şu ugra degişli bolan öndüriji kärhanalarynyň (zawodlaryň) dürli bölümlerinde, ylmy-barlag edaralarynda bakalawra niýetlenen wezipelerini eýeläp işläp biler.
Innowasion önümi öndürmek we peýdalanmak, welaýatlary innowasion ösdürmek, kreatiw pikirlenmek we standart däl meseleleriniň algoritmini işlemek, dolandyryş çözgütleri kabul etmek, innowasion taslamalary dolandyrmak, innowasiýalary satmak, işleri meýilleşdirmek we gurnamak – innowatika ugrunda taýýarlanylýan bakalawrlaryň esasy wezipeleridir.

Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm