Uniwersitet barada

Baş sahypa > Fakultetler > Hünärler

Bakalawr ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Prezidentine wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna, Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içerki we daşarky syýasatlaryna doly we dogry düşünýän hem-de olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahs bolmalydyr.
Bakalawr köpçülik bilen işleşmegi, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksadaokgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, alan nazary bilimini we tejribe endiklerini yzygiderli kämilleşdirmegi, öz ugruna degişli bar bolan ylmy maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.
Bakalawr ylmy we amaly taýdan düýpli taýýarlykly, ugruny kämil ele alan, öz bilimini, dünýägaraýşyny, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybirlikde işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.
Bakalawr dürli guramalarda (edaralarda) innowasion önümleri öndürmegi, olaryň nyrhlaryny kesgitlemegi, tajirçilik hadysalary modelirlemegi, innowasion işde töwekgelçilikleri dolandyrmagy, telekeçilik işiniň gymmatyny kesgitlemegi, innowasion taslamalary dolandyrmagy, innowasion işi kämilleşdirmegi, sazlamagy we alyp barmagy başarmalydyr.
Innowasion ugrunyň bakalawry innowasion önümleri öndürmek üçin zerur meýilnamalary işläp düzýän we olaryň amala aşyrylyşyna gözegçilik edýän bakalawrlardyr. Şeýle hem, olar önümçilik tehnologiýalary, kärhananyň ykdysadyýetini we maliýe-hojalyk işini, maliýe menejmentini we konsaltingi, hil menejmentiniň esaslaryny, innowasion pudagynyň, tehnologiýalaryň marketingini bilmelidirler we innowasiýalary dolandyrmagy başarmalydyrlar. Innowasion ykdysadyýeti ugruny tamamlan bakalawrlar täze önümleri oýlap, olaryň üstünde işläp, olaryň ykdysadyýetimize getirjek girdejisini anyklap, innowasion önümleriniň tehnologiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, senagatda bäsleşige ukyply önümleri öndürip bilýän hünärmenler bolup zähmet çekip bilerler.
Bakalawr islendik tehnologik pudaklarda, edara-kärhanalarda, şu ugra degişli bolan öndüriji kärhanalarynyň (zawodlaryň) dürli bölümlerinde, ylmy-barlag edaralarynda bakalawra niýetlenen wezipelerini eýeläp, şeýle hem, orta we orta hünär mekdeplerinde öz ugry boýunça mugallymçylyk işi bilen meşgullanyp biler.
Kärhananyň ykdysadyýetini we maliýe-hojalyk işini seljermek, innowasion menejmenti, dolandyryş çözgütleri kabul etmek, ekonometrika we ykdysady prosesleriň matematiki modelirlemesi, maýa goýum taslamasyny düzmek we seljermek, innowasion önümi öndürmek we peýdalanmak, welaýatlary innowasion ösdürmek, kreatiw pikirlenmek we standart däl meseleleriniň algoritmini işlemek, innowasion taslamalary dolandyrmak, innowasiýalary satmak, işleri meýilleşdirmek we gurnamak – innowasion ykdysadyýeti ugrunda taýýarlanylýan bakalawrlaryň esasy wezipeleridir.

Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm