Uniwersitet barada

Baş sahypa > Fakultetler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini, ylym, bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, häzirkizaman enjamlary bilen enjamlaşdyrmak babatdaky parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty, ilkinji nobatda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça ýokary tehnologiýaly innowasiýa merkezlerini we ýokary okuw mekdeplerini döretmegi göz öňünde tutýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegi üçin hut şu merkezlerde bilim, ylym, önümçilik, innowasiýa we işewürlik pudaklaryny toplumlaýyn bir ýere jemlemek mümkindir we zerurdyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda çykaran 14412-nji karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda çykaran “Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini döretmek hakynda” 7041-nji Permany esasynda döredilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň baş maksady ýurdumyzyň innowasion ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek, esasy bolsa, bilim, ylym, önümçilik, innowasiýa we işewürlik pudaklaryny toplumlaýyn bir ýere jemlemekdir.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim, ylym, medeniýet we ykdysadyýet pudaklarynyň öňünde goýýan meselelerini döwrebap, toplumlaýyn çözmek, ýokary hilli bilimi, netijeli düýpli ylmy ýola goýmak, adam baýlyklaryny we maglumat jemgyýetini kemala getirmek üçin ýurdumyzda innowasion görnüşli uniwersitetleriň döredilmegi zerurdyr.

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşini mundan beýläk hem çaltlandyrmak, ylym, bilim ulgamlaryny, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny bäsleşige ukyply zehinli ýaşlar bilen doly üpjün etmek maksady bilen, Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda innowasion görnüşli, öňdebaryjy, häzirkizaman ylym we bilim tehnologiýalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti döredildi.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň düzümine ýurdumyzyň ykdysady, ylym, bilim, senagat kuwwatyny dünýä derejelerine ýetirmek üçin zerur bolan ugurlar we hünärler goşuldy we aşakdaky fakultetler döredildi:

  • Himiýa we nanotehnologiýa fakulteti.
  • Biotehnologiýa we ekologiýa fakulteti
  • Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakulteti
  • Awtomatika we elektronika fakulteti
  • Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakulteti


Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm