Wakalar

Baş sahypa > Wakalar

Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň arasynda matematika boýunça 7-nji bäsleşik NCUMC – 2021 geçirildi

 

Ýurdumyzda 2021-nji ýylyň aprel aýynyň 18-inde “7-nji Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň matematika bäsleşigi”  geçirildi. Bu ýaryş Russiýanyň ITMO uniwersiteti, Sankt-Peterburg uniwersitetleri tarapyndan gurnaldy.

Bu bäsleşik ýurdumyzyň Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilip, ol onlaýn görnüşinde alnyp baryldy. Onlaýn görnüşinde gurnalan bu bäsleşik döwletimizde sanly ulgamyň durmuşa giňden ornaşdyrylýanlygynyň ýene-de bir subutnamasy boldy.

Bäsleşik ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilip, oňa matematika bilen gyzyklanýan zehinli talyp ýaşlaryň birnaçesi gatnaşdy. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden hem zehinli talyplar  bäsleşige gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Bäsleşikde Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň Amaly matematika we informatika ugrunyň talyby Döwran Myradow 2-nji orna,  şeýle hem Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Begenç Gurbanmämmedow 3-nji orna mynasyp boldular.

Bu bäsleşik iňlis dilinde alnyp baryldy we talyplar matematikanyň 7 ugry: matematiki seljerme, sanlar nazaryýeti, ähtimallyk nazaryýeti, kombinatorika, çyzykly algebra we analitiki geometriýa ugurlary boýunça bäsleşdiler. 

 


Ogultuwak Borjakowa,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky  Inžener- tehnologiýalar uniwersitetiniň Awtomatika we elektronika fakultetiniň

1-nji ýyl talyby. 


 



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm