Wakalar

Baş sahypa > Wakalar

“Innowatika” hepdeligi geçirildi

2021-nji ýylyň maý aýynyň 31-inden iýun aýynyň 4-i senesi aralygynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetinde “Innowatika” hepdeligi geçirildi. “Innowatika” hepdeligi gyzykly we höweslendiriji ýaryşlar bilen yzygiderli gurnaldy. Bäsleşigiň dowamynda talyplar täsin suratlar, kitap dizaýn, wideo ýazgylary, remix aýdymlary, gysga degişmeleri taýýarlamak boýunça toparlaryň arasynda çekeleşikli ýaryşlar alnyp baryldy. Talyplarda innowatika dersine gyzyklanma döretmek, onuň ähmiýetini düşündirmek we iňlis dili bilen bir hatarda tehnologiýalary has ykjamlaşdyryp durmuşa ornaşdyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen geçirildi.

 

Aýna Käbäýewa.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

Biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň

1-nji ýyl talyby.

 



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm