Wakalar

Baş sahypa > Wakalar

Himiýa hepdeligi

2021-nji ýylyň aprel aýynyň 26-30-y seneleri aralygynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Himiki we nanotehnologiýalar fakultetinde “Himiýa” hepdeligi geçirildi. Aprel aýynyň 26-syna hepdeligiň açylyş dabarasy we “Karikaturalaryň ýaryşy” geçirildi. Iň gyzykly we höweslendiriji ýaryşlaryň biri Kitap taslamalaryň sergisi aprel aýynyň 27-sine geçirildi we bäsleşikde Himiki we nanotehnologiýa fakultetiniň toparlary bir kitaby suratlandyryp, okyjylarda kitaba gyzyklanma döretdiler.

Kitap taslamasynda iň köp ses alan kitap “The catcher in the rye” fakultetiň 104-nji toparyň 1-nji ýyl talyplary ýeňiş gazandylar.

Bäsleşigiň dowamynda talyplar Labirint, täsin surat, “Pole çudes”, kitap dizaýn, “Video records”, “Remix song”, gazet ýazmak, gysga film taýýarlamak boýunça ýaryşdylar. Bu ýaryşyň maksady talyplarda himiýa dersine gyzyklanma döretmek, himiýanyň ähmiýetini düşündirmek we iňlis dilini has-da kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Hepdeligiň soňky güni, ýagny 30-njy aprelde “Comedy show” bäsleşigi geçirildi we ýaryşda talyplar sahna görkezmek boýunça ýaryşyp, 1411-nji topar 1-nji orna mynasyp boldy. Uniwersitetde şeýle bäsleşikler ýygy-ýygydan geçirilýär. Hepdeligiň ýapylyş dabarasy aýdym-sazly çykyşlar bilen jemlendi.

Täsliýewa Aýlar,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

Biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň

mikrobiologiýa taýýarlygy ugrunyň

Dil öwreniş bölüminiň 101-nji toparyň talyby. 



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm