Wakalar

Baş sahypa > Wakalar

Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Innowasion we sanly tehnologiýalar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 2021-nji ýylyň 4-nji martynda Ýaponiýanyň Çiba ylmy barlag uniwersitetiniň türkmen we daşary ýurt alymlary hem-de Germaniýanyň Leýbnis institutynyň türkmen alymlary bilen bilelikde wideoaragatnaşyk arkaly “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Innowasion we sanly tehnologiýalar” atly onlaýn maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler innowasion we sanly tehnologiýalar we olaryň adam durmuşyndaky orny barada giňişleýin gürrüň etdiler. Maslahata gatnaşan talyplar çykyş edenler bilen sorag-jogap alyşdylar we innowasion tehnologiýalar boýunça pikir alyşdylar.

Umuman, uniwersitetde geçirilýän bu onlaýn maslahatlar we okuwlar talyplara innowasion sanly tehnologiýalaryň dünýäniň ösen ýurtlaryndaky ýagdaýyny öwrenmeklikde we öz  bilimlerini artdyrmaklyga uly ýardam edýär.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm