About
About ETUT |
Admissions |
ETUT olympiad |
Additional and continuing education |
Scientific production centers |
ETUT olympiad
ETUT olympiad
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda tebigy we takyk dersleri boýunça “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiadany guramak we geçirmek hakynda DÜZGÜNNAMA
Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, şeýle hem ýokary we orta bilimiň arabaglanyşygyny ýola goýmak, orta mekdep okuwçylaryny okuwa höweslendirmek, olaryň aýratyn zehinlilerini saýlap almak, geljekde kämil inženerleri ýetişdirmek maksady bilen “Zehin soraglaryndan” we “Matematika”, “Fizika”, “Himiýa”, “Biologiýa”, “Iňlis dili” derslerinden ybarat bolan soraglary saklaýan integrirlenen “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly olimpiadany geçirmek boýunça Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
- Umumy düzgünler
Düzgünnama orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda “Oguz hanyň zehinli nesilleri” integrirlenen olimpiadany guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasydyr.
Bäsleşigiň geçirilmegi özbaşdak pikirlenip we mesele çözüp bilýän aýratyn zehinli okuwçylaryň öz zehinlerini açyp görkezmeklerine, orta mekdepleriň okuwçylarynyň ýokary bilim almaga bolan höwesiniň artmagyna, olaryň ylym, tehnologiýalar, tebigy, takyk we innowasiýalar bilen gyzyklanmalarynyň artmagyna ýardam berer.
“Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiadasynyň esasy maksatlary:
- Aýratyn zehinli okuwçylary ýüze çykarmak;
- Türkmenistanyň zehinli okuwçylaryndan ybarat bolan “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly altyn gaznasyny döretmek;
- Etrap merkezlerinden çetde ýerleşýän mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň zehinini açmak we olaryň bilimlerini artdyrmak üçin usuly kömek bermek;
- Orta we ýokary okuw mekdebinde zähmet çekýän mugallymlaryň özara pikir alyşmaklaryna ýardam bermek;
- Orta we ýokary bilimi utgaşdyrmak;
- Orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli pikir alyşmalaryny guramak;
- Okuwçylara özbaşdak we döredijilikli pikirlenmegi, standart däl meseleleri çözmegi, ylmy meselelerden baş alyp çykmagy öwretmek;
- Tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri çuňňur öwrenmäge we nazary bilimlerini amalyýetde ulanmaga höwes döretmek;
- “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly altyn gaznasynyň agzalarynyň bilimlerini üznüksiz artdyrmagyny gazanmak.
“Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiadanyň wezipeleri:
- Iň täze ylmy maglumatlary ulanmak arkaly meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek;
- Orta mekdepleriň özara aragatnaşygyny işjeňleşdirmek;
- Zehinli we ukyply okuwçylary ýüze çykarmak, olaryň geljekde hünär saýlamaklaryna oňyn şert döretmek;
- Tebigy we takyk ugurlar boýunça okuwçylaryň takyk we çalt pikirlenmek ukyplaryny ösdürmek;
- Çet gyraky obalardan zehinli okuwçylary ýüze çykarmak, olarda ýokary bilim almaga bolan höwesi döretmek;
“Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiadanyň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi
Integrirlenen olimpiadany guramak we geçirmek boýunça Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde guramaçylyk topary döredilýär. Toparyň düzümi uniwersitetiň rektory tarapyndan tassyklanýar. Integrirlenen olimpiadany guramak we geçirmegiň ähli çykdaýjylary Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hojalyk hasaplaşygyndaky serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär.
Guramaçylyk topary:
- Integrirlenen olimpiadany geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär we ony geçirmek boýunça guramaçylyk işlerini alyp barýar;
- Integrirlenen olimpiadany geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitleýär;
- Tebigy we takyk dersler boýunça ýumuşlary taýýarlamak işlerini alyp barýar;
- Olimpiada gatnaşýan okuwçylaryň ýüztutmalaryna seredýär we arz-şikaýatlar boýunça düşündiriş işlerini alyp barýar;
Orta mekdep okuwçylarynyň arasynda “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiadany guramagyň we geçirmegiň tertibi:
Integrirlenen olimpiada IX, X, XI synp okuwçylaryň arasynda 3 tapgyrda geçirilýär.
I tapgyr-etrap tapgyry bolup, bu tapgyra bir mekdepden her synp boýunça 5 sany (IX synpdan 5, X (6 ýaş) 5 okuwçy, X (7 ýaş) 5 okuwçy, XI synpdan 5 jemi 20 okuwçy) iň zehinli okuwçy gatnaşyp bilýär. Etrap tapgyra gatnaşjak okuwçylary mekdebiň özi kesgitleýär. Bu tapgyra gatnaşjak okuwçylaryň sanawyny her bir mekdep 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň 12-sine çenli düzgünnamanyň 3-nji goşundysyna laýyklykda dolduryp oguzzehin@gmail.com elektron poçtasyna elektron görnüşde ugratmaly. Etrap tapgyry etrap bilim bölümleriniň ýardam bermegi (geçirmek üçin mekdep üpjün etmegi) esasynda guramaçylyk topary tarapyndan etrap merkezleriniň bir mekdebinde geçirilýär. Etrap tapgyry düzgünnamanyň 1-nji goşundysyndaky tertibe laýyklykda 2023-nji ýylyň fewral aýynda geçirilýär. Etrap tapgyrynyň ýumuşlary zehin soraglaryndan ybarat bolup, guramaçylyk topary tarapyndan düzülýär. Bu tapgyryň netijelerini guramaçylyk topary kesgitleýär. Guramaçylyk toparynyň çözgüdi esasynda her bir synpdan iň gowy 5 sany okuwçy (IX synpdan 5, X (6 ýaş) 5 okuwçy, X (7 ýaş) 5 okuwçy, XI synpdan 5 jemi 20 okuwçy) saýlanylýar. Etrap tapgyrynda saýlanan okuwçylar indiki tapgyra gatnaşmana hukuk gazanýarlar. Etrap tapgyryndan saýlanan indiki tapgyra gatnaşjak okuwçylaryň hemmesine “Matematika”, “Fizika”, “Himiýa”, “Biologiýa”, “Iňlis dili” derslerinden özbaşdak taýýarlanar ýaly usuly gollanmalar berler. Berlen gollanmalary okuwçylaryň özleşdirmegine okuwçylaryň degişli mekdepleri jogapkär bolar. Etrap tapgyrynda saýlanylan okuwçylar ýeňijiler diýlip hasap edilýär we ol okuwçylar “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly altyn gaznasynyň III derejeli agzalary diýlip hasaba alynýarlar. III derejeli agzalar indiki ýylda geçiriljek olimpiadanyň etrap tapgyryna gatnaşmazdan soňky tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýarlar.
II tapgyr - welaýat we Aşgabat şäher tapgyry bolup, bu tapgyr etrap tapgyrynda saýlanan okuwçylaryň arasynda geçirilýär. Bu tapgyry welaýat Baş bilim müdirliginiň ýardam bermegi (geçirmek üçin mekdep üpjün etmegi) esasynda guramaçylyk topary tarapyndan düzgünnamanyň 2-nji goşundysyndaky tertibe laýyklykda 2023-nji ýylyň aprel aýynda geçirilýär. Welaýat tapgyrynyň ýumuşlary “Matematika”, “Fizika”, “Himiýa”, “Biologiýa”, “Iňlis dili” derslerinden düzülen soraglaryndan ybarat bolup, guramaçylyk topary tarapyndan düzülýär. Bu tapgyryň netijelerini guramaçylyk topary kesgitleýär. Guramaçylyk toparynyň çözgüdi esasynda her bir synpdan iň gowy 5 sany okuwçy (IX synpdan 5, X (6 ýaş) 5 okuwçy, X (7 ýaş) 5 okuwçy, XI synpdan 5 jemi 20 okuwçy)saýlanylýar. Welaýat tapgyrynda saýlanan okuwçylar indiki tapgyra gatnaşmana hukuk gazanýarlar. Welaýat tapgyrynda saýlanylan okuwçylar ýeňijiler diýlip hasap edilýär we ol okuwçylar “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly altyn gaznasynyň II derejeli agzalary diýlip hasaba alynýarlar. II derejeli agzalar indiki ýylda geçiriljek olimpiadanyň welaýat tapgyryna gatnaşmazdan soňky tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýarlar.
III tapgyr - jemleýji döwlet tapgyry bolup, bu tapgyr welaýat tapgyrynda saýlanan okuwçylaryň arasynda geçirilýär. Bu tapgyry Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýardam bermegi esasynda guramaçylyk topary tarapyndan 2023-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde on günlik tomusky dynç alyş merkezi (Summer school) gurnalýar. Tomusky dynç alyş merkezinde dynç alýan okuwçylaryň wagtlaryny gowy geçirmegi üçin guramaçylyk topary geçirmeli işleriň ýörite meýilnamasyny taýýarlaýar. Meýilnama laýyklykda dynç alyş merkezinde okuwçylara sport ýaryşlar, Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerine gezelençler, uniwersitetimiziň görnükli professor mugallymlary tarapyndan gyzykly sapaklar gurnalýar we olary uniwersitetimizde alnyp barylýan ylmy taslama işleri bilen tanyş edilýär. Okuwçylaryň tomusky dynç alyşda bolmaklary bilen bagly çykdajylar (ýatak jaýy, iýp-içgisi we ş.m.) Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hojalyk hasaplaşygyndaky serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär. Gurnalan tomusky dynç alyşyň dowamynda ýaryşyň jemleýji tapgyry geçirilýär. Jemleýji tapgyryň ýumuşlary “Matematika”, “Fizika”, “Himiýa”, “Biologiýa”, “Iňlis dili” derslerinden düzülen soraglaryndan ybarat bolup, guramaçylyk topary tarapyndan düzülýär. Guramaçylyk toparynyň çözgüdi esasynda ýeňijiler kesgitlenilýär. Ýeňijileriň sany bu tapgyra gatnaşyjylaryň 50 %-den köp bolmaly däl. Bu tapgyrda ýeňiji bolan okuwçylar “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly altyn gaznasynyň I derejeli agzalary diýlip hasaba alynýarlar. I derejeli agzalar indiki ýylda geçiriljek olimpiadanyň başky tapgyrlaryna gatnaşmazdan jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýarlar.
Bu integrirlenen olimpiadanyň ähli tapgyrlary türkmen we iňlis dillerinde geçirilýär;
Bu integrirlenen olimpiadanyň ähli tapgyrlarynyň ýumuşlaryny çözmek üçin beriljek wagty we ýumuşlara beriljek ballaryň mukdaryny guramaçylyk topary kesgitleýär;
“Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiadanyň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi:
- Integrirlenen olimpiadanyň jemleýji tapgyryna gatnaşan okuwçylaryň dersler boýunça şahsy orunlary alan ballarynyň jemleri boýunça kesgitlenýär;
- Integrirlenen olimpiadanyň dersler boýunça netijeleri resmileşdirilýär we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanýar;
- Öňünden bellenen ballar esasynda I, II we III orunlar kesgitlenýär;
- Integrirlenen olimpiadada ýeňiji bolan okuwçylar Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň diplomy we sowgady bilen sylaglanýar;
- “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly altyn gaznasynyň agzalarynyň (I, II we III derejeli) ýüz tutmagy esasynda üznüksiz bilim almagy, höwes edýän ýokary okuw mekdeplerinde ýokary bilim almagy üçin Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniweristeti degerli maslahatlary we “Teklip haty” (Recommendation letter) berýär.
- Guramaçylyk toparynyň çözgüdi esasynda gutardyş synpda okaýan “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly altyn gaznasynyň agzalarynyň içinden ýokary netije gazanan, iňlis dili taýýarlygy ýokary bolan okuwçylaryň kesgitli sanyna (anyk sanyny her ýyl üçin aýratynlykda guramaçylyk iş topary kesgitleýär) Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde okuwyny dowam etdirmäge ýeňillikler dörediler;
- Ýeňiji bolan okuwçynyň mekdeplerine we ene-atalaryna şeýle okuwçyny taýýarlandygy üçin Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan minnetdarlyk hatlary berler;
- Ýeňiji bolan okuwçylary we şol okuwçylary taýýarlan mekdepleri habar beriş serişdeleriniň üsti bilen mahabatlandyrylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +99365330333, +99365878870, +99363703520, +99365810810, elektron poçta: oguzzehin@gmail.com
1-nji goşundy
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda tebigy we takyk dersleri boýunça “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiadanyň
I tapgyr – etrap tapgyrynyň TERTIBI
Ahal welaýaty
T/b |
Etrabyň ady |
Geçiriljek senesi |
Geçiriljek ýeri |
1 |
Gökdepe etraby |
02.02.2023 |
Etrap merkezi |
2 |
Bäherden etraby |
Etrap merkezi |
|
3 |
Ak bugdaý etraby |
03.02.2023 |
Etrap merkezi |
4 |
Kaka etraby |
Etrap merkezi |
|
5 |
Babadaýhan etraby |
04.02.2023 |
Etrap merkezi |
6 |
Tejen etraby |
Etrap merkezi |
|
7 |
Sarahs etraby |
05.02.2023 |
Etrap merkezi |
Balkan welaýaty
T/b |
Etrabyň ady |
Geçiriljek senesi |
Geçiriljek ýeri |
1 |
Bereket etraby |
02.02.2023 |
Etrap merkezi |
2 |
Gyzylarbat etraby |
Etrap merkezi |
|
3 |
Magtymguly etraby |
03.02.2023 |
Etrap merkezi |
4 |
Etrek etraby |
04.02.2023 |
Etrap merkezi |
5 |
Esenguly etraby |
Etrap merkezi |
|
6 |
Balkanabat şäheri |
05.02.2023 |
Etrap merkezi |
7 |
Türkmenbaşy şäheri |
06.02.2023 |
Türkmenbaşy şäheri |
8 |
Türkmenbaşy etraby |
Daşoguz welaýaty
T/b |
Etrabyň ady |
Geçiriljek senesi |
Geçiriljek ýeri |
1 |
Akdepe etraby |
02.02.2023 |
Etrap merkezi |
2 |
Görogly etraby |
Etrap merkezi |
|
3 |
Ruhubelent etraby |
03.02.2023 |
Etrap merkezi |
4 |
Daşoguz şäheri |
04.02.2023 |
Daşoguz şäheri |
5 |
Şabat etraby |
||
6 |
Köneürgenç etraby |
05.02.2023 |
Etrap merkezi |
7 |
Saparmyrat Türkmenbaşy etraby |
Etrap merkezi |
|
8 |
Boldumsaz etraby |
06.02.2023 |
Etrap merkezi |
Lebap welaýaty
T/b |
Etrabyň ady |
Geçiriljek senesi |
Geçiriljek ýeri |
1 |
Çärjew etraby |
02.02.2023 |
Türkmenabat şäheri |
2 |
Türkmenabat şäheri |
||
3 |
Saýat etraby |
||
4 |
Darganata etraby |
03.02.2023 |
Etrap merkezi |
5 |
Dänew etraby |
04.02.2023 |
Etrap merkezi |
6 |
Halaç etraby |
05.02.2023 |
Etrap merkezi |
7 |
Hojambaz etraby |
Etrap merkezi |
|
8 |
Kerki etraby |
06.02.2023 |
Etrap merkezi |
9 |
Köýtendag etraby |
Mary welaýaty
T/b |
Etrabyň ady |
Geçiriljek senesi |
Geçiriljek ýeri |
1 |
Baýramaly etraby |
02.02.2023 |
Baýramaly şäheri |
2 |
Baýramaly şäher |
||
3 |
Türkmengala etraby |
02.02.2023 |
Etrap merkezi |
4 |
Garagum etraby |
Etrap merkezi |
|
5 |
Mary etraby |
03.02.2023 |
Mary şäheri |
6 |
Mary şäher |
||
7 |
Wekilbazar etraby |
04.02.2023 |
Etrap merkezi |
8 |
Murgap etraby |
Etrap merkezi |
|
9 |
Sakarçäge etraby |
Etrap merkezi |
|
10 |
Tagtabazar etraby |
05.02.2023 |
Etrap merkezi |
11 |
Ýolöten etraby |
06.02.2023 |
Etrap merkezi |
Aşgabat şäheri
T/b |
Etrabyň ady |
Geçiriljek senesi |
Geçiriljek ýeri |
1 |
Köpetdag |
02.02.2023 |
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti |
2 |
Bagtyýarlyk |
03.02.2023 |
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti |
3 |
Berkararlyk |
04.02.2023 |
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti |
4 |
Büzmeýin |
05.02.2023 |
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti |
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirlen umumybilim berýän mekdep-internadyndan gatnaşjak okuwçylar I tapgyra gatnaşmazdan, göni II tapgyra – welaýat we şäher tapgyra gatnaşarlar.
2-nji goşundy
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda tebigy we takyk dersleri boýunça “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiadanyň
II tapgyr – welaýat we Aşgabat şäher tapgyrynyň
TERTIBI
T/b |
Welaýatyň ady |
Geçiriljek senesi |
Geçiriljek ýeri |
1 |
Ahal welaýaty |
08.04.2023 |
Welaýat merkezi |
2 |
Balkan welaýaty |
08.04.2023 |
Welaýat merkezi |
3 |
Daşoguz welaýaty |
08.04.2023 |
Welaýat merkezi |
4 |
Lebap welaýaty |
08.04.2023 |
Welaýat merkezi |
5 |
Mary welaýaty |
08.04.2023 |
Welaýat merkezi |
6 |
Aşgabat şäheri |
08.04.2023 |
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti |
3-nji goşundy
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda tebigy we takyk dersleri boýunça “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiadanyň
I tapgyr – etrap tapgyryna gatnaşjak okuwçylaryň oguzzehin@gmail.com elektron poçtasyna elektron görnüşde ugradylmaly sanawynyň
NUSGASY
T/b |
Familiýasy, ady, atasynyň ady |
Welaýaty |
Etraby/şäheri |
Okaýan mekdebi |
1 |
Amanow Merdan Baýramowiç |
Ahal |
Babadaýhan |
15-nji orta mekdebi |
2 |
|
|
|
|
3 |
|
|
|
|
4 |
|
|
|
|
5 |
|
|
|
|
Bellik: oguzzehin@gmail.com elektron poçtasyna ugradyljak dokumentiň ady welaýatyň gysga ady.etrabyň ady. mekdep belgisi (ah.babadaýhan.15) görnüşinde bolmaly.
(Welaýatyň gysga ady: Ahal welaýaty üçin: ah
Balkan welaýaty üçin: bn
Daşoguz welaýaty üçin: dz
Lebap welaýaty üçin: lb
Mary welaýaty üçin: mr
Aşgabat şäheri üçin: ag