Okuwa girmek

Bakalawriat


2021/2022-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:




1. Matematika we mehanika (taýýarlygyň ugry:

        amaly matematika we informatika (inženerler üçin matematika)).


2. Biologiýa ylymlary (taýýarlygyň ugurlary:

        öýjük we molekulýar biologiýa;

        genetika we bioinžiniring;

        mikrobiologiýa).


3. Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugurlary:

        himiki tehnologiýa;

        himiki inžiniring).


4. Senagat ekologiýasy we biotehnologiýasy (taýýarlygyň ugry:

        biotehnologiýa).


5. Materiallaryň tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry:

        materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy).


6. Nanotehnologiýalar we nanomateriallar (taýýarlygyň ugry:

        nanomateriallar).


7. Ýeri öwreniş ylymlary (taýýarlygyň ugurlary:

        ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak;

        kartografiýa we geoinformatika).


8. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary:

        informatika we hasaplaýyş tehnikasy;

        maglumat ulgamlary we tehnologiýalary;

        sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk;

        mobil we tor inžiniring;

        animasiýa we grafika dizaýny;

        emeli aň we ekspert ulgamlary;

        maglumatlary goramagyň tehniki serişdeleri;

        sanly ykdysadyýetiň tehnologiýalary).


9. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugurlary:

        awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak;

        mehatronika we robot tehnikasy).


10. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (taýýarlygyň ugry:

        elektronika we nanoelektronika).


11. Fotonika, abzalgurluşyk, optiki we biotehniki ulgamlar we tehnologiýalar (taýýarlygyň ugry:

        biolukmançylyk elektronikasy).


12. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary:

        işgärleri dolandyryş;

        innowasion ykdysadyýet;

        tehnologiýa işewürligi;

        innowasion menejment we halkara işewürligi).


13. Fizika-tehniki ylymlar we tehnologiýalar (taýýarlygyň ugry:

        häzirkizaman tehnologiýalaryň fizikasy).


14. Dil bilimi we edebiýaty öwreniş (taýýarlygyň ugurlary:

        filologiýa (tehniki iňlis dili we ýapon dili);

        kompýuter lingwistikasy).


Uniwersitetde okuwlar iňlis we ýapon dillerinde geçirilýär.


Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.


Okuwyň dowamlylygy 5 okuw ýylyna (1 ýyl – iňlis we ýapon dili boýunça dil taýýarlygy, 4 ýyl – bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir.


Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.


Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 12 - 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.


Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:


bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;


bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);


bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;


soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;


3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;


işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;


okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.


Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:


şahsy pasportyny;


harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.


Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.


Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.


Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:


Ahal welaýaty — iýul aýynyň 28-29-y, 30-y we 31-i günleri;


Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 2-3-i, 4-i we 5-i günleri;


Balkan welaýaty — awgust aýynyň 7-si, 8-i we 9-y günleri;


Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 11-i, 12-si we 13-i günleri;


Lebap welaýaty — awgust aýynyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri;


Mary welaýaty — awgust aýynyň 19-20-si, 21-i we 22-si günleri.


Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:


taýýarlygyň ugurlary:

    himiki tehnologiýa;

    himiki inžiniring;

    materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy;

    nanomateriallar - himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;


taýýarlygyň ugurlary:

    öýjük we molekulýar biologiýa;

    genetika we bioinžiniring;

    mikrobiologiýa;

    biotehnologiýa;

    ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak - biologiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;


taýýarlygyň ugurlary:

    häzirkizaman tehnologiýalaryň fizikasy;

    informatika we hasaplaýyş tehnikasy;

    awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak;

    mehatronika we robot tehnikasy;

    elektronika we nanoelektronika;

    sanly ykdysadyýetiň tehnologiýalary;

    sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk;

    maglumatlary goramagyň tehniki serişdeleri - fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;


taýýarlygyň ugurlary:

    amaly matematika we informatika (inženerler üçin matematika);

    maglumat ulgamlary we tehnologiýalary;

    mobil we tor inžiniring;

    animasiýa we grafika dizaýny;

    emeli aň we ekspert ulgamlary;

    kartografiýa we geoinformatika;

    innowasion ykdysadyýet;

    tehnologiýa işewürligi;

    işgärleri dolandyryş;

    innowasion menejment we halkara işewürligi - matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;


taýýarlygyň ugry:

    biolukmançylyk elektronikasy — biologiýa, fizika, Türkmenistanyň taryhy;


taýýarlygyň ugurlary:

    filologiýa (tehniki iňlis dili we ýapon dili);

    kompýuter lingwistikasy — iňlis dili, fizika, Türkmenistanyň taryhy.


Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.


Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga, ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.


Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.


Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.




Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň salgysy:

    Aşgabat ş., Köşi köçesi, 100, tel.: 39-16-67.

Derejeleýin okuwlar

Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm