Okuwa girmek

Magistratura

Beýleki ýokary okuw jaýlaryndan tapawutlylykda uniwersitet Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasyna degişli bolup durýar we uniwersitetde bilim däl-de, ylym berilýär. Şeýle-de uniwersitetde okuwlar iňlis we ýapon dillerinde geçirilýär. Uniwersitetde okuwlar 4 ýyllyk bakalawrdyr. Talyplar 1-nji okuw ýylynyň dowamynda diňe iňlis, ýapon we türkmen dillerini öwrenýärler. Şeýlelik bilen Dil öwreniş bölümini hem hasaba alanyňda talyplar bakalawr derejäni almak üçin jemi 5 ýyl okamaly bolarlar. Uniwersitetde magistratura, aspirantura, doktorantura hem bar. Talyplar 5 ýyldan soň isleglerine görä magistrlik, doktorantlyk derejeleri almak üçin hem okuwyny dowam etdirip bilerler. Şeýle-de talyplara bakalawrlyk okuwynyň soňky, ýagny 4-nji ýylynda okuwyny hyzmatdaşymyz Ýaponiýanyň abraýly ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan Tsukuba uniwersitetinde dowam etdirmek mümkinçiligi bar.

Derejeleýin okuwlar

Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm