Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň baş maksady ýurdumyzyň innowasion ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek, bilim, ylym, önümçilik, innowasiýa we işewürlik pudaklaryny toplumlaýyn bir ýere jemlemekdir.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň düzüminde ýurdumyzyň ykdysady, ylym, bilim we senagat kuwwatyny dünýä derejelerine ýetirmek üçin zerur bolan taýýarlygyň ugurlary we hünärler açyldy
Uniwersitetde 5 sany fakultet bar bolup, olaryň düzüminde jemi 26 sany taýýarlygyň ugurlary boýunça talyplara hünär öwredilýär.
Fakultetler:
- Himiýa we nanotehnologiýa
- Biotehnologiýa we ekologiýa
- Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary
- Awtomatika we elektronika
- Innowasiýalaryň ykdysadyýeti
Taýýarlygyň ugurlary:
- Materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy
- Nanomateriallar
- Himiki tehnologiýa
- Himiki inžiniring
- Biotehnologiýa
- Ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak
- Genetika we bioinžiniring
- Öýjük we molekulýar biologiýa
- Mikrobiologiýa
- Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary
- Informatika we hasaplaýyş tehnikasy
- Mobil we tor inžiniring
- Animasiýa we grafika dizaýny
- Sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk
- Sanly ykdysadyýet
- Amaly matematika we informatika
- Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak
- Elektronika we nanoelektronika
- Mehatronika we robot tehnikasy
- Biolukmançylyk elektronikasy
- Häzirkizaman tehnologiýalaryň fizikasy
- Innowatika
- Innowasion ykdysadyýet
- Işgärleri dolandyryş
- Tehnologiýa işewürligi
- Filologiýa (tehniki iňlis dili we ýapon dili)