Uniwersitet barada

Baş sahypa > Akademiki tertipnama

Akademiki tertipnama

Uniwersitetiň esasy maksady bütindünýä bilim we ylym giňişliginde bäsleşige ukyply hünärmenleriň we alymlaryň ýaş neslini kemala getirmekden, ýurdumyzda innowasiýa işini amala aşyrmaga, gurnamaga we dolandyrmaga ukyply ýokary taýýarlykly işgärlere we ýokary bilimli hünärmenlere bolan talaplary, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlarynyň uniwersitetde saýlap alan hünärleri boýunça ýokary hünär bilimlerini almak ýoly bilen intellektual, medeni we ahlak ösüşlerini kanagatlandyrmakdan ybaratdyr.
Uniwersitetiň alyp barýan işleriniň görnüşleri:
  • ýokary hünär bilimi;
  • ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi;
  • beýleki toparlara goşulmadyk bilim boýunça işler;
  • ylmy işgärleri taýýarlamak;
  • işgärleriň hünär derejesini kämilleşdirmek we olary gaýtadan taýýarlamak;
  • hünär taýýarlygy;
  • başlangyç hünär bilimi;
  • orta hünär bilimi;
  • tebigy, takyk, tehniki, inženerlik we tehnologik ugurlar boýunça mekdepden daşary bilim;
  • ylmyň tebigy we takyk ugurlary boýunça ylmy-barlaglary ýerine ýetirmek;
  • ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy işgärleri taýýarlamak.
Uniwersitetiň esasy wezipeleri:
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi iş ýüzünde üpjün etmek;
  • raýatlaryň bilim almak baradaky konstitusion hukuklaryny iş ýüzünde amala aşyrmak, olaryň ruhy, ylmy-aňyýet taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin ähli zerur bolan başlangyçlary we şertleri döretmek;
  • ykdysadyýetiň pudaklary üçin nano, bio, maglumat tehnologiýalary, elektronika, awtomatika, robot tehnikasy, molekulýar biologiýa, genetika we ylmyň beýleki öňdebaryjy we ileri tutulýan ugurlary boýunça düýpli ylmy we amaly taýdan kämil hünärmenleri taýýarlamak;
  • jemgyýetiň ruhy-ahlak, medeni we ylmy gymmatlyklaryny toplamak hem-de baýlaşdyrmak;
  • talyplarda milli taryh, däp-dessurlar hem-de ileri tutulýan umumadamzat gymmatlyklary bilen özara berk baglanyşykly ýokary medeniýeti hem-de döwlet Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň ýörelgelerine, türkmen halkyna, Watana hem-de Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur wepalylygy terbiýelemek;
  • dünýä jemgyýetçiliginiň we halkara ykdysadyýetiniň talaplaryna laýyklykda, hünär boýunça bilimleri çuňňur ele almak bilen, öz ugry boýunça öňde duran wezipeleri ýokary medeniýetlilik we raýatlyk jogapkärçiligi bilen çözmäge ukyby özünde utgaşdyryp bilýän hünärmenleri taýýarlamak;
  • talyplary degişli pudagyň gurluş bölümlerinde okuw, tehnologik we önümçilik tejribeliklerini geçmek bilen, okuw işleri bilen ylmy barlaglary, önümçiligi we işewürligi ýakyndan utgaşdyrmak esasynda okatmak;
  • dürli ugurlarda ylmy işgärleri taýýarlamak;
  • düýpli we amaly ylmy barlaglary, tejribe-konstruktorçylyk we beýleki ylmy işleri giň ylmy çygyrlarda ösdürmek we geçirmek, şol sanda bilim meseleleri boýunça peýdalanmak we olaryň netijelerini okuw işlerine ornaşdyrmak;
  • ilatyň arasynda häzirkizaman ylmyny, bilimini we onuň gazananlaryny ýaýratmak we wagyz etmek, onuň medeni we bilim beriş derejesini ýokarlandyrmak;
  • edara-kärhanalar bilen ylalaşylan şertnamalar esasynda ylmy barlaglary geçirmek, hünärmenleriň hünärini kämilleşdirmek;
  • okuw kitaplaryny, okuw gollanmalaryny, görkezme esbaplaryny, monografiýalary, kitaplary, ylmy we ylmy-köpçülikleýin žurnallary, broşýuralary, ýygyndylary çap etmek;
  • bäsleşige ukyply ylmy-tehniki önümleri öndürmek maksady bilen bilelikdäki ylmy-barlag, tejribeçilik we önümçilik kärhanalaryny döretmek;
  • bilimiň, ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek;
  • bilim, ylym, tehnika we tehnologiýalar babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek;
  • Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen ylalaşyp, bellenen tertipde halkara ylmy bileleşiklere, assosiasiýalara we birleşiklere girmek, öz adyndan daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy hyzmatdaşlyk hakynda şertnamalary we ylalaşyklary baglaşmak;
  • ýurdumyzyň we öňdebaryjy daşary ýurt okuw we ylmy edaralary hem-de guramalary bilen hünärmenleriň hünär taýýarlyk tejribesini öwrenmek we peýdalanmak, ylmyň giň çygyrlarynda ylmy barlaglary geçirmegi guramak maksady bilen hyzmatdaşlyk etmek;
  • Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, beýleki wezipeleri ýerine ýetirmek.

Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm