Uniwersitet barada

Baş sahypa > Umumy we amaly biologiýa instituty

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa instituty

 Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa instituty Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwaryndaky çykaran № I088 belgili kararynyň esasynda döredildi.
 Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa instituty ylmyň biologiýa ugurlaryny ösdürmek, tebigy baýlyklar bolan ösümlik we haýwanat dünýäsini düýpli öwrenmek üçin ýöriteleşdirilen ylmy edara bolup durýar.
 Institutyň esasy maksady ýurdumyzda ylmyň umumy biologiýa, öýjük biologiýasy, molekulýar biologiýa, genetika, biotehnologiýa, bioinženeriýa, bioinformatika, ekologiýa ugurlaryny ösdürmek, tebigy baýlyklar bolan ösümlikler, haýwanat we mikroorganizmler dünýäsini öwrenmek, olaryň biohimiki, fiziki-himiki, dermanlyk häsýetlerini anyklamak, ösümlik hem haýwanat dünýäsini goramak we rejeli peýdalanmak, oba hojalyk ekinleriniň we mallarynyň seçgi-tohumçylyk işlerini talabalaýyk alyp barmak, täze görnüşlerini döretmek boýunça düýpli hem-de amaly ylmy barlaglary geçirmekdir.
 Institutda jemi 6 (alty) sany barlaghanalar döredilen. Olar:
1.Türkmenistanyň biodürlüligi barlaghanasy.
2.Biohimiýa we biomateriallaryň fiziki-himiki derňewi barlaghanasy.
3.Molekulýar biologiýa we genetika barlaghanasy.
4.Mikrobiologiýa barlaghanasy.
5.Biotehnologiýa barlaghanasy.
6.Amaly biologiýa barlaghanasy.
 Institutymyzyň ylmy işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda “Dürli derejedäki tebigy şertlerde ösümlikleriň häzirki ýagdaýyna baha bermek we hojalyk bähbitli häsiýetlerini öwrenmek” atly baş temanyň çäklerinde institutyň esasy wezipesi bolan;
 - ýurdumyzyň ösümlik, dünýäsini düýpli öwrenmek, seljermek, derňemek, tertipleşdirmek, ulgamlaşdyrmak;
 - ösümliklerinden alynýan maddalaryň we biomateriallaryň biohimiki, fiziki-himiki düzümini, gurluşyny, iýmitlik we dermanlyk häsiýetlerini öwrenmek;
 - ylmy barlaglaryň esasynda alnan netijeler boýunça biologiki işjeň maddalary kesgitlemek, olary bölüp almagyň tehnologiýasyny işläp taýýarlamak, ulanylýan ýerlerini anyklamak we önümçiligini ýola goýmak; Meseleler göz öňüne tutulan we maksat edinýäris.
 Türkmenistanyň amatly toprak-klimat şertleri, baý uglewodorod çig mallary, gazylyp alynýan minerallar we magdanlar bilen bir hatarda biodürlüligi hem diýseň baýdyr. Biodürlüligiň esasy bölegini ösümlik baýlyklary düzýär. Ösümlikler halk hojalygynyň, senagatyň dürli pudaklarynda ulanylyp bilinjek çig mallaryň çeşmesidir. Farmasewtika ýaly senagatyň käbir pudaklary ýerli ýabany ösümlik görnüşlerinden uly ykdysady gymmaty bolan maddalary ýüze çykarmaklyga, bölüp almaklyga we ulanmaklyga ýokary derejede bagly bolup durýar.
 Ösümliklerde duş gelýän maddalaryň köpüsi ylymda ikilenji metabolitler ady bilen mälimdir. Olar (terpenler, fenolly birleşmeler, alkaloidler we glikozidler) gaty ujypsyz mukdarda diňe kesgitli ösümlik görnüşlerinde, uruglarynda ýa-da maşgalalarynda emele gelýärler. Tebigy önümler ady bilen tanalýan bu fitohimiki maddalaryň möhüm ykdysady we lukmançylyk ähmiýeti bardyr. Olar dermanlary we bejeriji serişdeleri, boýaglary, himiki senagat üçin çig mallary (sakgyç, rezin, kauçuk) hem-de iýmitlere we içgilere ýakymly ys, hoşboý tagam bermek üçin köp dürli maddalary öz içine alýar. Ikilenji metabolitler gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda kesel bejeriji serişde, sabyn, ýakymly ys beriji hökmünde ulanylyp gelinýär.
 Ýurdumyzda duş gelýän ösümlik görnüşlerinden dürli peýdaly maddalary almak we olary senagat önümçiliginiň dürli pudaklarynda ulanmak ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynda, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan täze önümleriň önümçiligini ýola goýmaklyga uly itergi berer.
 Ýurdumyzda duş gelýän ösümlikleriň düzüminde bar bolan maddalary öwrenmek, olary bölüp almak we önümçiligiň dürli pudaklarynda önüm öndürmek üçin ulanmaklygyň tehnologiýalaryny işläp düzmek hem-de öňki bar bolan tehnologiýalary ulanyp, önüm öndürmek maksatlaryndan ugur alyp, ylmy-barlag işleri geçirilýär.
 Ösümlikleriň gerbariý gorlaryny we genetik gaznasyny döretmek we saklamak Institutyň esasy wezipeleriniň biridir. Häzirki wagtda gerbariý nusgalyklarynyň jemi 113 maşgala 696 uruga degişli 2319 görnüşleri toplanandyr. Gerbariý nusgalyklaryň jemi – 107809 kagyzlardan ybaratdyr. Gerbariý, ösümlik nusgalyklarynyň saklanýan döwlet ylmy gaznasy bolup, onuň üsti ýetirilip durulýar, kada laýyklykda resmileşdirilýär we uzak möhletleýin saklanylmaga niýetlenilýär. Toplanan ösümlikleriň kolleksiýalaryny ilkinji gezek Milli gerbariý gaznasynyň elektron görnüşi taýýarlanylýar.
 Institutda Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli eserinden ugur alnyp, ýurdumyzda duş gelýän ösümlikleriň, biomateriallaryň biohimiki, fizika-himiki düzümini, gurluşyny, iýmitlik we dermanlyk häsiýetlerini öwrenmeklik ýola goýuldy. Häzirki wagtda institutyň ylmy barlaghanalarynda şu aşakdaky işler ýerine ýetirilýär:
  - buýan kökünden glisirrizini bölüp almak we alnan önümi kristallaşdyrmak,
 - buýanyň ekstraktyndan dermanlyk süýjüler taýýarlamak,
 - ýowşanyň, arçanyň, narpyzyň şypaly efir ýaglaryny bölüp almak,
 - iýmit goşundylaryny taýýarlamak,
 - krahmal saklaýan ösümliklerden krahmal almak,
 - ösümlik dokuma kulturasy usuly arkaly gymmatly ösümlik görnüşlerini, sortlaryny we gibridlerini mikroklonal köpeltmek;

 Toprak mikroorganizmlerinden oba hojalyk ekinleri üçin bioserişde bolan Trichodermanyň gury biomassasy alyndy. Bu alnan bioserişde ösümlikleri keselerden goramak, ýagny, ösümlikleriň kökleriniň çüýreme kesseleri, köklerde döreýän fuzarioz kök çüýreme keselinden goramak we olara garşy göreşmeklik işlerini ýerine ýetirýär. Bu bioserişde diňe bir gorag çärelerinde ulanylman, topragy ekişe taýýarlamakdan, dürli ösümlik galyndylarynyň dargamagyna, organiki maddalaryň ýeňil özleşýän görnüşe geçmegine getirýär.
 Instituta degişli bolan meýdany 20 gektary tutmak bilen ol ýerde miweli agaçlara degişli: aýwa, erik, alma, şetdaly, nar, üzüm, mindal, tut we igde şeýle hem ýaprakly (pürli) agaçlara degişli: klýon, tuýa, sosna, derek, ýorunja we dermanlyk ösümliklere degişli: itburun, narpyz, buýan we boýareşnik ösdürilip ýetişdirilen.
 Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutynyň ylmy işgärleriniň ýerine ýetirilen işleriniň netijeleri ýurdumyzda geçirilen halkara ylmy maslahatynyň tezisler ýygyndysyna, ylmy žurnallaryna şeýle-de gündelik metbugatlarda yagny gazetdir žurnallarda birnäçe işler çap edildi.

Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm