Uniwersitet barada

Baş sahypa > Uniwersitetiň taryhy

Uniwersitetiň taryhy

2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň ýerine guramaçylyk we hukuk görnüşini üýtgedilip, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti döredildi we onuň oruntutary boldy. Täze döredilen uniwersitet Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyna geçirildi.
Uniwersitet üç müň adamy taýýarlamak üçin niýetlenendir. 2016-2017-nji okuw ýylynda uniwersitetde takmynan 280 talyp okaýardy.
2019-njy ýylyň başynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň düzüminde Umumy we amaly Biologiýa instituty döredildi.
2020-2021-nji okuw ýylynyň başynda uniwersitetde jemi 2995 talyp okaýar.

Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm